Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglandy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň «Duslyk» ordeni bilen sylaglandy

опубликованно 17.09.2017 // 975 - просмотров
 

Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary sylagyny – “Duslyk” ordenini gowşurmak dabarasy boldy. Sylagy türkmen Liderine Tatarystanyň Prezidenti Rustam Minnihanow gowşurdy.

Dabaraly çärä Mejlisiň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Tatarystan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Belent mertebely myhman dabarany açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de döwlet Baştutanymyzyň üsti bilen ähli türkmen halkyny dünýä derejesindäki uly sport wakasy-paýtagtymyzda açylýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary bilen gutlady. Türkmenistan hemmelere iri halkara ýaryşlaryny neneňsi geçirmelidiginiň nusgasyny görkezýär diýip, Prezident Rustam Minnihanow aýtdy hem-de “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk görlende uly möçberli sport forumlaryny guramakda Tatarystanyň hem tejribesiniň peýdalanylandygyny belledi.

Prezident Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin öz halkynyň adyndan türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şol gatnaşyklar gadymy taryhy köklere, ruhy gymmatlyklaryň, medeniýetiň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanýar.

Prezident Rustam Minnihanow şu gün doganlyk Türkmenistanyň Baştutanyna—uly syýasy işgäre hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna uly şahsy goşant goşýan Ynsana dostluk diýmegi aňladýan “Duslyk” diýen hormatly sylagy gowşurmaga tüýs ýürekden şatdygyny aýdyp, bu wakanyň mizemez dostluk gatnaşyklarynyň, halklarymyzyň arasyndaky özara hormat goýmagyň we ynanyşmagyň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Tatarystanyň ýokary sylagyny--“Duslyk” ordenini gowşurdy.

Milli Liderimiz bildirilen hormat üçin Prezident Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden minnatdarlyk bildirip, bu hormatly sylagy Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli döredijilikli syýasatyna berlen ýokary baha hökmünde hem-de ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, Russiýa Federasiýasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýän netijeli türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň subutnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi. Biz dostlugymyza, halklarymyzyň uzak asyrlardan gelýän hem-de häzirki döwürde täze itergä eýe bolýan taryhymyzyň we medeniýetimiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň umumylygyna sarp goýýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Russiýanyň iri sebiti bilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, aýratyn-da, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň saklanmagyna mundan beýläk-de uly ähmiýet beriljekdigini aýtdy.

Tatarystan Respublikasy Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de bu babatda ýurdumyzyň söwda-ykdysady ulgamda özara hereket etmäge,nebitgaz we himiýa pudaklary ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly üns berýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň okuw mekdeplerinde okamaga hem-de hünär bilimlerini kämilleşdirmäge türkmen ýaşlary üçin döredilýän mümkinçilik üçin Tatarystanyň Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Tatarystan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, şeýle ýokary sylag üçin türkmen halkynyň adyndan we hut öz adyndan Prezident Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de oňa berk jan saklyk we jogapkärli işinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Tatarystan Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti döwletara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bolşy ýaly, Russiýanyň sebitleri bilen ikitaraplaýyn özara hereket etmekde hem Türkmenistan bilen doly möçberli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Russiýa Federasiyasynyň ýokary ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter