Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar | TDH
Aşgabat-2017

Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy hasapda öňde barýar

опубликованно 16.09.2017 // 913 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň birinji güni tamamlandy. Oýunlaryň resmi açylyşy Aşgabatda 17-nji sentýabrda bolar, emma häzirden jiu-jitsu, türkmen milli göreşi boýunça medallar ugrunda ilkinji bäsleşikler geçirildi, futzal boýunça ýaryşlara badalga berildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary 37 medal, şolardan 16 altyn, 14 kümüş hem-de 7 bürünç medal bilen umumy hasapda öňde barýar.

Ilkinji iki altyn medal jiu-jitsuwyň “duo classik” görnüşi boýunça gazanyldy. Erkekleriň jübütleýin bäsleşiklerinde birinji orny Jelilmuhammet Hojamyradow we Myrat Gimmiýew, garyşyk jübütde Jahan Durdyýewa bilen Mekan Nurjykow, “duo şouda” Patma Hojiýewa we Myrat Gimmiýew birinji orny eýeledi. Patma Hojiýewa bilen Jahan Durdyýewa “duo şou” we “duo classik” jübüt bäsleşikleriň iki görnüşinde kümüş medaly eýeledi. “Duo şou” erkekleriň jübüt bäsleşiklerinde Ahmet we Ýusup Taňryberdiýewler bürünç medala mynasyp boldy.

Günüň ikinji ýarymynda kontakt jiu-jitsu boýunça bäsleşikler geçirildi. Şonda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi. Fahraddin Abdullaýew (69 kg çenli), Begençmyrat Kakabaýew (77 kg çenli), Rüstem Penjiýew (85 kg çenli) altyn medala mynasyp boldy.

62 kg çenli agram derejede Dawut Nuryýew, Annageldi Annasähedow (69 kg çenli), Rustam Rozmetow (77 kg çenli) we Wýaçeslaw Işhanýan (85 kg çenli) kontakt jiu-jitsu boýunça kümüş medala eýe boldy.

Ýygyndy toparymyz türkmen milli göreşiniň erkin görnüşi boýunça hem üstünlikli çykyş etdi. Final bäsleşiklerine türkmenistanlylaryň 18-si gatnaşdy, şolaryň altysynda diňe ýurdumyzyň wekilleri özara duşuşmaga hukuk gazandylar, munuň özi agram derejeleriniň her birinde olara medallary kepillendirdi.

Allanur Goçow (57 kg), Nowruz Eýeberdiýew (62 kg), Döwletgeldi Berdiýew (68 kg), Sylapberdi Nuryýew (82 kg), Seýdi Batyrow (100 kg), Rejepaly Orazalyýew (100 kg-dan ýokary) altyn medaly eýelediler.

Zenanlaryň ýaryşlarynda 52 kilogram agram derejesinde Laçyn Badaglyýewa, Zuhra Madraimowa (58 kg), Gülnar Haýytbaýewa (63 kg), Nasiba Sukryýewa (70 kg) altyn medala mynasyp boldy.

Ýakupnazar Ýakubow (57 kg), Toýlymyrat Durdymyradow (68 kg), Orazmämmet Welmämmedow (75 kg), Begmyrat Baýdurdyýew (82 kg), Öwezgeldi Berdiýew (90 kg), Bäşim Aýazow (100 kg), Annamyrat Myradow (100 kg-dan ýokary) türkmen milli göreşiniň erkin görnüşinde kümüş medalyň eýesi boldy. Zenanlaryň arasynda Dinara Hallyýewa (63 kg) kümüş medala mynasyp boldy.

Milli türkmen göreşiniň erkin görnüşinde kümüş baýraga mynasyp bolanlaryň hatarynda pälwanlarymyzyň 6-sy: erkekleriň düzüminde iki türgen – Derýa Abdyýew we Arslan Ibraimgulyýew hem-de zenanlaryň düzüminde 4 türgen – Maksuda Egemberdiýewa, Jahan Muhammedowa, Gulfiýa Jumaýewa we Rano Uzakowa bar.

18-nji sentýabrda milli türkmen göreşiniň nusgawy görnüşinde ýaryşlar geçiriler.

"Aşgabat 2017-niň” ýaryşlarynyň ilkinji gününde zenanlaryň arasynda futzal boýunça ýaryşlar badalga aldy. Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň gatnaşýan “A” toparçasy biziň üçin aýratyn gyzyklanma döredýär.

Ilkinji duşuşykda ýer eýeleri Gonkongyň toparyndan ýeňildi, emma toparçadaky ýagdaýy futzalçy gyzlar Ýaponiýanyň we Hytaýyň toparlary bilen ýakynda boljak duşuşyklarda gowulandyryp biler. Bu toparlar şu gün toparçadaky ýaryşda öz aralarynda bäsleşdiler we ýaponlar 5:2 hasabynda üstün çykyp, ýeňiş gazandylar. “B” toparçada Eýranyň ýygyndysy 16:1 hasabynda Palestinanyň ýygyndysyndan üstün çykdy.

Günüň ikinji ýarymynda futzal boýunça erkekleriň ýygyndy toparlary ýaryşa goşuldylar. Hytaýyň Taýpeý ýygyndysy dartgynly ýaryşda Wýetnamyň toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Solomon adalarynyň hem-de Gonkongyň toparlary duşuşygy 4:1 hasaby bilen tamamladylar. Owganystanyň topary bolsa 6:1 hasap bilen HHR-uň toparyny kynçylyksyz ýeňdi. BAE-niň futzalçylary 3:1 hasabynda Maldiwiň toparyndan üstün çykdy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň şowhunly resmi açylyş dabarasyna türgenler hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar sabyrsyzlyk bilen garaşýar. “Balich Worldwide Shows” kompaniýasynyň prezidenti Marko Baliçiň belleýşi ýaly, geçiriljek şüweleňi iň iri tomaşalaryň biri bolar. Bu dabaranyň gerimini ýerine ýetirijileriň 7500-siniň hem-de sazandalaryň 200-siniň gatnaşjakdygy hem äşgär edýär, täsin ýagtylandyryjy tehniki we sazandarlyk serişdeleri taýýarlanyldy.

Bu kompaniýanyň abraýy ozal 2008-nji ýylda Pekindäki hem-de 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýrodaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabaralarynyň, 2014-nji ýylda Soçidäki Gyşky olimpiadanyň ýapylyş dabarasynyň, 2015-nji ýylda Milandaky serginiň hem-de dünýä derejesindäki beýleki ähmiýetli wakalaryň üstünde alyp baran işleriniň tejribesi bilen berkidilýär.

Şunuň bilen birlikde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen wekiliýetleriň döwlet baýdaklaryny galdyrmak dabaralary tamamlandy.

Her bir baýdagyň galdyrylmagy şol ýurtlaryň her biriniň Döwlet senasy astynda dabaraly ýagdaýda bolup geçdi. Bu şanly wakanyň hormatyna ýygyndy toparlaryň kapitanlary ýadygärlik sowgatlary aldylar. Türgenleriň öňünde oýunlaryň ýer eýeleriniň döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.

Soňra daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda bu ýerde bolup geçen metbugat maslahatynda Olimpiýa şäherjiginiň taýýarlygynyň hem-de tehnologiki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň ýokary derejesi bellenildi. Bu ýerde oýunlary maglumat taýdan üpjün etmek maksady bilen, ajaýyp enjamlaşdyrylan Metbugat merkezi, Halkara ýaýlyma beriş merkezi bar, her bir desgada ýaryşlaryň barşy barada habarlary şol pursatda tomaşaçylara dessine ýetirmek üçin hemme şertler döredildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter