Jelilmuhammet Hojamyradow ýygyndymyz üçin ilkinji altyn medaly iň bagtly diýip hasap etdi | TDH
Aşgabat-2017

Jelilmuhammet Hojamyradow ýygyndymyz üçin ilkinji altyn medaly iň bagtly diýip hasap etdi

опубликованно 17.09.2017 // 885 - просмотров
 

Sportuň Jiu-Jitsu görnuşinin «duo klassik» ugry boýunça Myrat Gimmiýew bilen bilelikde çykyş eden Jelilmuhammet Hojamyradow biziň toparymyz uçin getiren ilkinji altyn medalyny durmuşyndaky in bagtly we tolgundyryjy pursat diyip hasap etdi.

Jelilmuhammediň belleýşi ýaly, şol pursat ol oňa guwanjak ene- atasy, oýunlara tomaşa edýän ildeşleri barada pikir edýärdi. Ildeşlerimiz uçin bu ýeňiş wajypdy, çüňki olar biziň ýygyndymyzyň ýeňişine garaşýarlar.

Yaryşlardan soňky teswirlerde Hojamyradow öz Watany üçin ilkinji "altyn" medaly getirip bilendigine örän şatdygyny, öz ýoldaşy bilen täsirli çykyş etmäge çalyşandygyny aýtdy.

Hojamyradowyň we Gimmiýewiň çykyşy Ýapyk binalarda we soweş sungaty boyunça 5-nji Aziýa Oýunlarynda Türkmen toparynda iň gowularynyň biri boldy. Bu oýunlarda Türkmen türgenleri jemi 37 medala eýe bolup, olardan 16-sy «altyn» medallardyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter