Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamynyň anyk ugurlaryny kesgitlediler | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Pakistanyň Prezidentleri özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ulgamynyň anyk ugurlaryny kesgitlediler

опубликованно 16.09.2017 // 991 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýn bilen duşuşdy.

Türkmen Lideri belent mertebeli myhman bilen mähirli görşüp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra döwlet Baştutanymyz bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Belent mertebeli myhman mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Pakistanyň Türkmenistanyň özenini oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri düzýän açyklyk we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna ýokary baha berýändigini hem-de öz tarapyndan soňky ýyllarda täze depgine we mazmuna eýe bolan däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermegi maksat edinýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Prezident Mamnun Huseýne Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna hut
özüniň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Pakistana Günorta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda esasy hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.

Pakistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, türkmen Liderini “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ajaýyp guramaçylygy bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, dostlukly halkara gatnaşyklarynyň, dünýä möçberinde ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän şeýle çäreler diňe bir sebit derejede çäklenmeýär.

Prezident Mamnun Huseýin hormatly Prezidentimiz tarapyndan üçünji müňýyllykda durnukly parahatçylyk üçin pugta esasy döretmäge gönükdirilip, öňe sürülýän möhüm halkara başlangyçlaryň örän wajypdygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň adamzadyň wajyp meseleleriniň çözülmegine toplumlaýyn, giň gerimli çemeleşmegiň zerurdygyna degişli netijeli teklipleri dünýä ýurtlarynda ýyl-ýyldan barha uly goldawa eýe bolýar. Bu bolsa ählumumy howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň bähbidine ýurdumyzyň tagallalaryna düşünilýändigine hem-de ýokary baha mynasyp bolýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-paksitan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar şol hyzmatdaşlygy hil taýdan täze sepgitlere çykarmak üçin ygtybarly esasy döretdi.

Hormatly Prezidentimiz we Prezident Mamnun Huseýn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň okgunly depginini kanagatlanma bilen belläp, döwletara gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň Türkmenistana hem-de Pakistana hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň üstünde işlemäge mümkinçilik berýändigi barada bir pikire geldiler. Şol hyzmatdaşlygyň hatarynda söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki dürli pudaklarda netijeli özara gatnaşyklar görkezildi.

Türkmenistanyň hem-de Pakitanyň Liderleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belläp, yklymyň iň iri energiýa magistralynyň—Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň başlanan gurluşygynyň üstünlige beslenmegini üpjün etmäge özara taýýardygyny tassykladylar. Hormatly Prezidentimiz bu gaz geçirijiniň gapdaly bilen elektroenergetika, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamynyň hem-de gara we demir ýollary çekmek boýunça degişli işleriň geçirilmeginiň iki halkyň bähbidine laýyk gelýändigini belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz we myhman medeni-ynsanperwer ulgamda--medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça däp bolan özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we bilelikdäki çäreleri geçirmek hem-de tejribe alyşmak babatda pikirlerini aýtdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter