Aşgabat 2017 Oýunlarynda ilkinji altyn medalyna sportuň Jiu-Jitsu “duo klassik” görnüşi boýunça Türkmen türgenleriniň eýe boldular | TDH
Aşgabat-2017

Aşgabat 2017 Oýunlarynda ilkinji altyn medalyna sportuň Jiu-Jitsu “duo klassik” görnüşi boýunça Türkmen türgenleriniň eýe boldular

опубликованно 16.09.2017 // 859 - просмотров
 

Hemmeler 17-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şonuň bilen bilelikde, Oýunlar Jiu-Jitsu ýaryşlary bilen başlady.

Hut şolar Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji “altyn” medaly peşgeş berdiler. Ol medala erkekleriň arasynda geçirilýan jübüt tutnuşyklarynda sportuň Jiu-Jitsu “duo klassik” görnüşi boýunça türkmen türgenleri Jelilmuhammet Hojamyradow we Gimmiýew Myrat eýe boldular. Aýallaryň arasynda geçirilýan jübüt tutnuşyklarynda sportuň Jiu-Jitsu “duo shou” görnüşi boýunça Türkmenistanly türgenler Patma Hojaýewa we Jahan Durdyýewa “kümüş” medala eýe boldular.

Bu ilkinji sylaglar medallaryň sanawynda gowy başlangyç boldy. Sanawda Türkmenistan häzirki maglumatlara görä, birinjiligi eýeleýär! Türkmen türgenlerinden uly üstünliklere garaşylýar, çünki Türkmen Milli Göreşi boýunça ýaryşlar başlady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter