Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan “TOPH” gaçgeçirijisiniň owgan bölegini gurmaga taýýarlanýar

опубликованно 15.09.2017 // 885 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häzirki döwürde gaz geçirijiniň türkmen böleginde işler alnyp barylýar.

Bu ugurda “TAPI Pipeline Сompany Limited” paýdarlar kompaniýasy tarapyndan tehniki maslahatçy—Germaniýanyň “ ILF Beratende Ingeniure GmbH” hem-de hukuk maslahatçy—Beýik Britaniýanyň “Allen and Overy LLP” kompaniýalary bilen bilelikde gaz geçirijiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçjek böleginiň gurluşygyna başlanmaly döwre çenli durmuşa geçirilmeli çäreleriň deslapky tapgyrlary kesgitlenildi.

Hususan-da, gaz geçirijiniň degişli böleginiň gurluşygyna 2018-nji ýylyň başynda girişmek hem-de 2019-njy ýylda tebigy gazy akdyryp başlamak maksady bilen, dürli göwrümli enjamlary we turbalary satyn almak üçin halkara bäsleşigini sentýabr aýynyň aýagyna çenli geçirmek meýilleşdirildi. Şeýle hem gaz geçirijiniň ugrunda guruljak gaz gysyjy beketleriň we beýleki ugurdaş desgalaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendigini belledi. Ýurdumyzda bu ugurda amala aşyrylýan giň möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir sebit üçin ykdysady taýdan bähbitli bolman, eýsem ol ählumumy energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter