Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda we BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşinde täze we möhüm başlangyçlary boýunça çykyş eder | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda we BMG-niň adam hukuklary baradaky Geňeşinde täze we möhüm başlangyçlary boýunça çykyş eder

опубликованно 15.09.2017 // 944 - просмотров
 

Türkmen wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna, şeýle hem BMG-niň adam hukuklary baradaky geňeşiniň 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisine gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Daşary işler ministri R.Meredow öz hasabatynda habr berdi.

Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň möhüm talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan ileri tutulýan ugurlary we başlangyçlary barada hasabat berdi.

Sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek Türkmenistanyň işjeň başlangyçlarynyň esasy maksady bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, ählumumy abadançylygyň bähbidine ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goldaw bermäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Bitarap Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlemegi meýilleşdirýän döredijilikli başlangyçlary hut şu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter