Özbek taekwondoçylary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşikli göreşlere taýýar | TDH
Aşgabat-2017

Özbek taekwondoçylary “Aşgabat 2017” oýunlarynyň medallary ugrunda bäsleşikli göreşlere taýýar

опубликованно 14.09.2017 // 976 - просмотров
 

Özbegistanyň taekwondoçylary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda mynasyp çykyş etmegi maksat edinýärler.

Oýunlar 17-nji sentýabrda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde badalga alýar we olaryň çäklerinde taekwondo boýunça ýaryşlar iň abraýlylarynyň biri hasaplanýar. Özbegistanly türgenlere Olimpiýa maksatnamasynda pugta orun alan sportuň bu görnüşinde gazananlaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredilýär.

Özbek taekwondoçylary 2014-nji ýylda Inçhonda Aziýa oýunlarynda oňat çykyş edipdiler. Şonda orta agramda hormat münberiniň iň ýokary baýragyny Ýasur Baýkuziýew utdy, Nikita Rafalowiç, Maksim Rafalowiç we Dmitriý Şokin dagy bolsa öz agram derejelerinde ikinji orny eýeledi, şeýlelikde, Özbegistan erkekleriň çykyş edýän görnüşlerinde öňdäki orna mynasyp boldy.

Dmitriý Şokin 2015-nji ýylda taekwondo boýunça dünýä çempionatynda iň agyr agramda altyn medalyň eýesi bolsa-da, geçen ýyl Rio-de-Žaneýroda taekwondo boýunça Olimpiýadanyň altyn medalyny gazanmak mümkinçiligini eilden giderdi. Özbegistanyň toparynyň öz ýurdunda geçen sebitleýin çempionatdaky çykyşlary örän üstünlikli bolup, ol 96 medal gazanyp, öňdeligi eýeledi.

Ýurdumyzda ýokary derejeli taekwondoçylaryň köpdügini göz öňünde tutup, biz Tokio-2020 tomusky oýunlarda altyn medal gazanmagy maksat edinýäris diýip, Özbegistanyň Taekwondo federasiýasynyň prezidenti Botir Parpiýew belleýär. Ýakynda bolsa “Aşgabat 2017”-niň ýaryşlaryndaky dartgynly göreşlerde türgenler özlerini synamaly hem-de tejribe toplamaly bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter