“Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder | TDH
Aşgabat-2017

“Aşgabat 2017” oýunlarynda türgenleriň bäşisi Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tugy astynda çykyş eder

опубликованно 14.09.2017 // 889 - просмотров
 

5 türgenden ybarat bolan bosgunlaryň ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi. Olar “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üsti ýapyk ýeňil atletika meýdançasynda ýeňil atletika boýunça ýaryşlarda çykyş ederler. Keniýaly uzak aralyga ylgaýjy meşhur Tegla Lorupe wekiliýetiň ýolbaşçysy boldy.

Toparyň türgenleriniň bäşisiniň hataryna Paulo Amotun Lokoro (1500 metr aralyk), Wiýual Puok Deng (400 metr), Gaý Ýang Tap (800 metr), Ukuk Uthu Bul (3000 metr) we Ýek Pur Biýel (800 metr) dagy girdi. Hut şolar Tegla Lorupe tarapyndan Naýrobide esaslandyrylan “Parahatçylyk gaznasynyň” howandarlygynda guralan saýlama ýaryşlaryndan soň, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmak üçin saýlanylyp alyndylar.

Bu türgenler Merkezi Aziýanyň taryhynda iň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyjy wekiliýetleriň 65-siniň birini emele getirer. Amotun Lokoro we Ýek Pur Biýel ozal Rio-2016 Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gördüler, beýleki üç türgen üçin bolsa häzirki oýunlar ilkinji halkara synagy bolar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter