Wýetnamyň ýygyndysy medallar ugrunda Aşgabada gelýär | TDH
Aşgabat-2017

Wýetnamyň ýygyndysy medallar ugrunda Aşgabada gelýär

опубликованно 14.09.2017 // 899 - просмотров
 

Wýetnamyň ýygyndy topary “Aşgabat 2017” oýunlarynda sportuň ýeňil atletika, suwda ýüzmek, agyr atletika, küşt, bilýard, göreş, kikboksing we taý boksy ýaly görnüşlerinde azyndan altyn medallaryň sekizisini almaga hyjuwlydyr diýip, “VietnamNews” gazeti ýazýar.

Wýetnamyň Döwlet sport dolandyryş edarasynyň başlygynyň orunbasary Trank Dýuk Fanyň ýolbaşçylyk etjek wekiliýetine 117 türgen girýär. Olar sportuň 14 görnüşinde öz ýurduna wekilçilik ederler.

Aşgabat Aziýadasynda Wýetnam “A” toparçasyna düşen futzal boýunça toparynyň çykyşy bilen başlaýar. Ol 16-njy sentýabrda ilkinji oýnuny Hytaýyň Taýbeý toparynyň oýunçylary bilen oýnar.

2013-nji ýylda Inçhonda geçen Ýapyk binalarda Aziýa oýunlarynda medal gazanmak boýunça umumy toparlaýyn hasapda wýetnamlylar 27 medal bilen Hytaýdan we oýunlaryň ýer eýelerinden soň, üçünji orny eýelediler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter