Döwlet Baştutanymyz we Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň ministri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanymyz we Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň ministri özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

опубликованно 12.09.2017 // 160 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri jenap şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabahy kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, dostlukly ýurduň Baştutany Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabahyň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de berk jan saglyk we amala aşyrylýan özgertmelerde täze üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Myhman öz ýurdunyň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, milli Liderimize özi üçin islendik amatly wagtda Kuweýte resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emirine we ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, dostlukly ýurda sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugrunyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Özara bähbitli hyzmatdaşlyk we dostluk däpleri şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz we Kuweýtiň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri türkmen-kuweýt hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we meýilleşdirilýän ugurlary barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah özara peýdaly we netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine ulanylyp biljek ägirt uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň geljegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi hem uly gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň we Kuweýtiň dünýäde uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedigi bellenildi. Munuň özi taraplaryň energiýa serişdelerini işläp taýýarlamak we halkara bazarlaryna ibermek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman türkmen Lideriniň bu ulgamda öňe süren başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi. Maýa goýum, söwda, gurluşyk, dag-magdan senagaty we beýleki pudaklar geljegi uly ulgamlaryň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we jenap şeýh Nasser Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah medeni-ynsanperwer ugurda ikitaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtap, ylym-bilim, medeniýet hem-de syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň köp döwletleriniň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Myhman Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmeginiň Türkmenistanyň halkara Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine saldamly goşant goşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi. Şeýle hem myhman bu ýaryşlaryň ýurdumyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny artdyrmaga ýardam etjekdigini we oňa Kuweýt Döwletiniň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşjakdygyny aýdyp, “Aşgabat 2017” oýunlarynyň üstünlige eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we dostlukly ýurduň Emiriniň Diwanynyň işleri boýunça ministri döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

Duşuşyga Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Majdi Ahmad Al-Dafiri hem gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2017 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter