Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 11.09.2017 // 198 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýurdumyzyň welaýatlarynyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, möhüm oba hojalyk möwsümleriniň guramaçylykly geçirilmegi üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýörite iş maksatnamasy taýýarlanyldy. Ondan gelip çykýan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda obasenagat toplumynyň ähli ulgamlarynda zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmek babatda ähli zerur tagallalary görmegi wise-premýerden berk talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi haýal alnyp barylýar, tehnikalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylmaýar.

Pagta ýygymynyň depginlerini ýokarlandyrmagyň, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmagyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz pudakda aýratyn möhüm hasaplanylýan bu möwsümiň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda degişli çäreleriň görülmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary mahalynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hem göni aragatnaşykda boldy.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekip, ýer eýeleriniň we kärendeçileriň ýokary hilli tohum, mineral dökünler, kuwwatly tehnikalar, suw bilen doly möçberde üpjün edilýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini häkime we wise-premýere tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, hususan-da, bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem ol V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreleriň kada laýyk derejede bolmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, welaýatyň oba hojalygynyň sazlaşykly ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi häkime we wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilik we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigi barada görkezme berdi.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyny aýdyp, olaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň we gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň döwrüň möhüm talabydygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew öz çykyşyny welaýatdaky işleriň ýagdaýy, obasenagat toplumyny ösdürmek we onuň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hem-de bugdaý ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler baradaky hasabatdan başlady. Şeýle hem häkim Daşoguz welaýatynyň medeniýet işgärleriniň V Aziada bagyşlanan dabaralar mynasybetli işläp taýýarlan medeni maksatnamasy hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli meýilleşdirilen oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň, agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz pagta ýygymynyň we bugdaý ekişiniň depginlerini güýçlendirmek we möwsümleri ýokary derejede geçirmek ugrunda ähli etraplaryň tijenip işlemelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň Garaşsyzlyk baýramyna çenli tamamlanmalydygyny belläp, bu babatda häkime we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017” oýunlary mynasybetli taýýarlanylan medeni maksatnamanyň ýokary derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny dowam edip, Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýewiň hasabatyny diňledi. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny we bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim öňde boljak şanly senelere, hususan-da, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdyp, welaýatdan yklymlaýyn ýaryşlaryň açylyş we ýapylyş dabarasyna gatnaşýan medeniýet-sungat işgärleri, olaryň taýýarlyk derejesi barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýerleri we suwy rejeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatda desgalaryň gurluşygynyň, aýratyn-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ulanmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigini talap etdi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli Aziýa oýunlarynyň medeni derejesini üpjün etmekde welaýatyň sungat ussatlarynyň taýýarlyk işleriniň talabalaýyk alnyp barylmalydygyny tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek, bugdaý ekişiniň depginlerini ýokarlandyrmak we umuman, sebitiň oba hojalygynyň netijeliligini has-da artdyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmek, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mahalynda guralýan medeni çärelere gatnaşýan welaýatyň sungat işgärleriniň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk derejede ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi. Aýratyn-da, ekerançylykda örän wajyp hasaplanylýan bugdaý ekişiniň we pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işlere ünsi çekip, welaýatyň medeniýet we döredijilik işgärleriniň giň möçberli ýaryşlara ýokary derejede taýýarlyk görmegi babatda zerur işleriň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çagyryldy.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, “Aşgabat 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleriniň derejesi, şeýle hem paýtagtymyzda arassaçylyk, abadançylyk ýagdaýynyň üpjün edilişi, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, gurluşygy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlyk işlerine ylmy esasda çemeleşilmelidigini belledi. Bina ediljek desgalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny we olarda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirkizaman tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz bina ediljek desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagynyň we olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede alnyp barylmagynyň yklymlaýyn ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, paýtagtymyzda abadançylyk we arassaçylyk işleriniň, şeýle hem ekilen bag nahallaryna, seýilgäh zolaklaryna edilýän idegiň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geljekde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar bilen bir hatarda seýilgäh zolaklarynyň ýerleşjek ýerleriniň, olarda oturdyljak bag nahallarynyň görnüşleriniň ylmy esasda seçilip alynmalydygyny belläp, bu işlere degişli alymlaryň işjeň çekilmelidigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde degişli ekologiýa derejesiniň ýola goýulmalydygyny belläp, döredilýän tokaý zolaklarynyň gerimini giňeltmek, olarda degişli ideg işlerini yzygiderli alyp barmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny we bu işlere dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we paýtagtymyzyň etraplarynyň çäklerinde degişli arassaçylyk ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem Aşgabatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, “Aşgabat 2017-niň” oýunlaryna taýýarlyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hakynda habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Milli Liderimiz medeni-durmuş, inženerçilik-tehniki we ekologiýa ugurlaryny öz içine alýan abadanlaşdyryş işleriniň geçirilişine toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Paýtagtymyzyň ähli etraplarynyň çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy, şäher gurşawynyň ekologiýa derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öňde boljak Oýunlar mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelerde halkymyzyň ruhy dünýäsi, ýurdumyzyň ýeten belent derejesi öz beýanyny tapmalydyr.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň, Türkmenistanyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2017 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter