Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygy kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygy kabul etdi

опубликованно 01.09.2017 // 856 - просмотров
 

Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsin saglygy goraýyş taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaş bolan “Gap Inşaat” türk gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Ahmet Çalyk şu merkeziň hem-de beýleki täze desgalaryň – Türkmenistanyň Jemagat hojalygy institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň binalarynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde açylmagynyň çuňňur manysynyň bardygyny belläp, bu şanly wakalaryň döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri, hususan-da, Türkiýäniň işewürleri bilen ýurdumyzda saglygy goraýşyň innowasion düzümini we senagat ulgamynyň kärhanalaryny döretmek ulgamynda netijeli hem-de uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny kämilleşdirmek hem-de ösdürmek, degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak durmuşa geçirilýän toplumlaýyn “Saglyk” maksatnamasynyň möhüm ugurlary bolup durýar. Görülýän giň möçberli çäreleriň netijesinde türkmenistanlylar ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşlerinden peýdalanyp bilýärler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ulgamda möhüm taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmäge türk hyzmatdaşlarymyzyň, şol sanda “Çalyk Holding” kompaniýasynyň işjeň gatnaşýandygyny belledi.

Işewür holdingiň beýleki möhüm taslamalar babatdaky işine degip geçip, Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän sebitdäki iri gazhimiýa zawodynyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi hem-de ýaponiýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan bu maýa goýum taslamasynyň iň täze tehnologiýalaryň esasynda durmuşa geçiriljekdigine hem-de häzirki zaman “nou-haular” bilen üpjün ediljekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, gurluşyk işleriniň ýokary hiliniň üpjün edilmeginiň we bina edilýän desgalaryň bellenilen möhletlerinde tabşyrylmagynyň türkmen tarapynyň esasy talaby bolup durýandygyny belledi. Dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän mineral dökünleri öndürýän kärhananyň işe girizilmegi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga ýardam eder, bu ulgamda beýleki kuwwatly döwletleriň hatarynda ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkider.

Duşuşygyň ahyrynda türkiýeli işewür ýene-de bir gezek döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter