V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar | TDH
Jemgyýet

V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar

опубликованно 31.08.2017 // 1006 - просмотров
 

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe Aşgabadyň mekdep okuwçylary we talyplary meýilnamadan daşary rugsada çykarlar. Hökümetiň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe – 2017-nji ýylyň 18-28-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylaryny, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplaryny okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýbermek bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter