Şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi | TDH
Syýasat habarlary

Şu ýylyň sekiz aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işleriniň netijeleri jemlenildi

опубликованно 29.08.2017 // 1168 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda howpsuzlygy hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi.

Mejlisiň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundun beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleler hem girizildi.

Ilki bilen ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew hasabat bilen çykyş etdi. Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga hem-de Ýaragly Güýçlerimiziň kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda ýylyň başyndan bäri geçirilen çäreler barada habar berildi.

Diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň esasy wezipesi milli bähbitleri we howpsuzlygy nazara almak bilen, Türkmenistanyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Belent Serkerdebaşymyz öňdäki işiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, döwletimiziň milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi üçin zerur şertleri döretmäge uly üns berjekdigini nygtady.

Serkerdeleri taýýarlamak esasy we geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda üstünlikli geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň çäklerinde milli harby serkerdeleriň täze nesli kemala geldi diýip, döwlet Baştutanymyz okuw işini guramak, şeýle hem harby gullukçylaryň nazaryýet we beden taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlarynyň geçirilýän döwründe asudalygy we howpsuzlygy ýokary derejede üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine anyk tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň sekiz aýynda kanun bozmalaryň öňüni almak, ýollarda tertip-düzgüni, raýatlarymyzyň kanuny hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça alyp barýan işleri, şeýle hem ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçiren çäreleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň işgärleriniň öňünde has amatly jemgyýetçilik ýagdaýyny döretmek, tertip-düzgüniň berjaý edilişine hemişe gözegçiligi üpjün etmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, içeri işler ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Bu ulgamyň işgärleriniň bilimlerini yzygiderli kämilleşdirmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hünär we başarnyk derejesini ýokarlandyrmak guramaçylykly hem-de maksada laýyk häsiýete eýe bolmalydyr diýip, Belent Serkerdebaşymyz nygtady we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe ulaglaryň gatnawlaryny kadalaşdyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde ýanwar-awgust aýlarynda amala aşyrylan işler we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Serhet goşunlary parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp ýurtlary bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklary ösdürmek işinde mynasyp orun eýeleýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, şahsy düzümiň gözýetimini giňeltmäge, olaryň watançylyk duýgusyny, söweşjeň taýýarlygyny hem-de eziz Watanymyza wepalylygyny ýokarlandyrmaga, serhetçilerde yhlaslylyk we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri terbiýelemäge aýratyn üns bermek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Serhetde durnuklylygy we düzgün-tertibi saklamak diňe oňat tälim alan serhet bölümleriniň ýolbaşçy düzümi bolan ýagdaýynda üpjün edilip bilner diýip, milli Liderimiz belledi. Serhet goşunlarynda gullugyň ýörite bilimleriň we başarnyklaryň bolmagyny talap edýändigini aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew garalýan döwürde milli kazyýet ulgamynda özgertmeler bilen baglylykda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Bu edaranyň işgärleri öz işinde hereket edýän kanunçylygyň düzgünlerinden ugur almalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we iş başarjaň, ýokary hünärli işgärleri seçip almaga aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralarynda ýylyň başyndan bäri amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Garaşsyz hem Bitarap Watanymyzda kanunçylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmagyň bu edaranyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň kanunlarynyň takyk we doly berjaý edilişine berk prokuror gözegçiligini amala aşyrmagy talap etdi.

Milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow MHM tarapyndan hasabat döwründe ýurdumyzda durmuş abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu edaranyň ýerine ýetirýän işleriniň ähmiýetini belläp, jemgyýetiň sazlaşykly ösmegi bilen baglylykda, durnuklylygy saklamak boýunça wajyp wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki iri sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we olary üstünlikli geçirmek babatdaky işleriň möhüm ugurlaryny kesgitledi. Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri syýasy we hukuk nukdaýnazaryndan degişli taýýarlyk derejesine eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki zaman ylymlaryndan we tehnologiýalaryndan baş alyp çykmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna ýüzlenip, institutlaryň işine nägilelik bildirdi. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri hemmetaraplaýyn taýýarlamak üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň hem-de bu ugurda geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Harby talyplar türkmen we daşary ýurt harby sungatynyň tejribesine eýe bolup, jemgyýetde kanunylygy hem-de düzgün-tertibi hemmetaraplaýyn berkitmelidir, islendik pursatda ýurdumyzyň konstitusion gurluşyny, mähriban halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny goramaga taýýar bolan hakyky watançylar bolmalydyr diýip, Belent Serkerdebaşymyz aýtdy. Milli goşunyň söweşjeň ukyplylyk derejesi onuň tehniki üpjünçiligi, şeýle hem harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygy we watançylyk duýgusy bilen kesgitlenilýär. Olaryň birkemsiz gullugy eziz Watanymyzyň goraglylygynyň, diýmek, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň depginlerini has-da artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby okuw biliminiň ylmy taýdan seljermesini geçirmegi tabşyrdy.

Biziň baş maksadymyz serkerdeleri taýýarlamak işini hünär ussatlygyny düýpli ýokarlandyrmagy üpjün edýän täze derejä çykarmakdyr. Şunuň bilen baglylykda, harby ýokary okuw mekdepleriň ylmy-terbiýeçilik kuwwatyny berkitmek, ýokary okuw ylmynyň ähmiýetini artdyrmak gerek diýip, Belent Serkerdebaşymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýanwar-awgust aýlarynda ýurdumyzyň serhedinden geçýän ýükleriň talaba laýyk barlanmagyny üpjün etmek boýunça görlen çäreler hem-de gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri barada hasabat berdi.

Dünýä bileleşiginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artmagy, ýurdumyza gelip gowuşýan harytlaryň hem-de üstaşyr ýükleriň möçberleriniň artmagy ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli ykdysady özgertmeler bilen şertlendirilendir diýip, milli Liderimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda gullugyň işgärleriniň jogapkärçiliginiň ýokarlanýandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça berlen tabşyryklaryň takyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ýükleriň has içgin gözden geçirilmegini üpjün etmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow sekiz aýyň dowamynda döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu edaranyň sazlaşykly işiniň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge hem-de dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýynyň barha artmagyna ýardam edýändigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Belent Serkerdebaşymyz migrasiýa gullugynyň işgärleriniň özleriniň gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmek bilen, ýokary hünär ussatlygyny görkezmelidigini we işe jogapkärçilikli çemeleşmelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, öňümizdäki V Aziýa oýunlarynyň myhmanlaryna degişli resminamalary resmileşdirmekde göwnejaý hyzmat etmegiň wajypdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň ýolbaşçysy M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň döredilen wagtyndan bäri geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Korrupsiýa garşy göreşmek boýunça degişli maksatnamany amala aşyrmagyň barşy hasabatyň esasyny düzdi. Döwlet edaralarynyň we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň işiniň arassalygyny ýokarlandyrmak şol maksatnamanyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow korrupsiýa garşy göreşiň aýry-aýry ýagdaýlary ýüze çykarmak bilen çäklenmeli däldigini, korrupsiýa garşy ulgamy kemala getirmegiň, şeýle hem bu ýaramaz ýagdaýy döredýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmaga aýratyn üns berilmelidir diýip belledi. Bu ugurdaky işleri milli kanunçylygyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrmagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Soňra çykyş eden adalat ministri B.Muhammedow milli Liderimiziň başyny başlan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde şu ýylyň sekiz aýynda geçirilen işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz ilata hukuk kömegini bermegiň, şol sanda ýakynda güýje giren kanunlary düşündirmegiň möhümdigine ünsi çekip, yzygiderli guralýan raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişlikleriniň çäklerinde hukuk maslahatlaryny bermek işini dowam etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň netijelerini jemläp, ýakyn geljek üçin harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işleriniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Harby düzümleriň işini has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen harby we hukuk özgertmeleriň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýygnananlardan watançylyk-terbiýeçilik işleri hem-de şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselelerine has netijeli çemeleşmegi talap etdi. Hormatly Prezidentimiz Harby doktrina laýyklykda, Bitarap döwletimiziň milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, edermen Watan goragçylarynyň netijeli gulluk etmegi hem-de gündelik durmuş üçin oňaýly şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter