Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

опубликованно 26.08.2017 // 1302 - просмотров
 

Şu gün Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi ikinji maslahaty boldy. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň möhüm ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri çagyryldylar.

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenen taslamalaryň ilkinjisi boldy. Ol hukuk namalaryny işläp taýýarlamagyň, hödürlemegiň, ara alyp maslahatlaşmagyň, kabul etmegiň, bellige almagyň, herekete girizmegiň, üýtgetmegiň, hukuk namalarynyň hereketini bes etmegiň we togtatmagyň, şeýle hem olary çap etmegiň tertibini kesgitleýär.

“Türkmenistanyň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly adyny döretmek hakynda”, Türkmenistanyň “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly adyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýäni we ýokary netijeli sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, sagdyn we ruhy taýdan kuwwatly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwrebap sport desgalarynyň hemmetaraplaýyn guralmagy, Umumymilli spartakiadanyň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi, oňa müňlerçe türkmenistanlylaryň işjeň çekilmegi, sportuň dürli görnüşleriniň yzygiderli ösdürilmegi, ýurdumyzyň türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlary öňdengörüjilikli syýasatyň anyk netijeleri bolup durýar.

Ýaş, zehinli türgenleri goldamak we höweslendirmek, sport ulgamyny ýokary hünärli mugallymlar we türgenler bilen üpjün etmek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Başlanmagyna bir aýdan hem az wagt galan “Aşgabat 2017”-niň oýunlary türkmen sportunyň taryhynda hil taýdan täze tapgyry emele getirer. Aşgabatda şunuň ýaly giň möçberli ýaryşlaryň geçirilmegi, Türkmenistanyň dünýä olimpiýa hereketindäki abraýynyň berkidilmegini, ilat arasynda, aýratyn-da, ýaşlaryň arasynda sportuň giňden wagyz edilmegini şertlendirer.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlaryň garamagyna “Türkmenistanyň çägini operatiw enjamlaşdyrmak hakynda”, “Harby gullukçylaryň maddy jogapkärçiligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hödürlendi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde yzygiderli belleýşi ýaly, Milli goşun ýurdumyzyň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň bähbidine gulluk edýär we halkymyzyň abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň sarsmaz binýady bolup durýar. Bu ýörelgeler Garaşsyz Türkmenistanyň döwletimiziň hemişelik bitaraplyk derejesine esaslanýan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda öz beýanyny tapdy.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň tagallasy netijesinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, olaryň işiniň kanunçylyk esaslary kämilleşdirilýär, harby gullukçylaryň hünär derejesi ýokarlandyrylýar. Harby gullukçylar oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýär, olaryň maşgalalary üçin aňrybaş amatly şertler döredilýär, ýaş harby gullukçylary we esgerleri hünär taýdan taýýarlamagyň ulgamy kämilleşdirilýär. Milli goşun ýaş harby gullukçylar üçin edermenligiň, Watana söýginiň ruhunda gözel Diýarymyzyň goragçylaryny watansöýüjilik esasda terbiýelemegiň görelde mekdebi bolup durýar.

Soňra parlamentiň garamagyna “Haýyr-sahawat işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlendi. Döwletimiziň durmuş syýasatynyň we halkymyzyň ynsanperwer däpleriniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu kanunçylyk taslamasynda ýuridik we fiziki şahslara haýyr-sahawat işini amala aşyrmaga bolan hukuk göz öňünde tutulyp, şonda haýyr-sahawatçylar meýletinlik esasynda mätäç bolanlara kömek berip bilerler. Ynsanperwerlik kömegi muzdsuz ýa-da ýeňillikli şertlerde şahsy emläklerinden, pul serişdeleri, şahsy eýeçiligiň serişdeleri, hyzmatlar, ýerine ýetirilen iş görnüşinde berlip bilner.

Soňra “Ganyň donorlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Deputatlar çykyşlarynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ähmiýetini aýratyn bellediler. Ony durmuşa geçirmegiň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykdy. Aşgabatda we welaýatlarda iň häzirki zaman lukmançylyk merkezleri guruldy. Onuň netijesinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymylar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenip taýýarlanylan we ornaşdyrylan saglygy goraýyş ulgamynyň täze ugurlaryna laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň toplumlary kemala geldi.

Her bir adamyň saglygynyň goralmagyna we berkidilmegine, onuň uzak ýyllaryň dowamyndaky işjeň durmuşynyň goldanylmagyna gönükdirilen ykdysady, durmuş, medeni, ylmy, lukmançylyk we hukuk häsiýetine eýe bolan netijeli çäreler ilatyň saglygynyň goralmagyna bolan toplumlaýyn çemeleşmeleriň özenini düzýär. Bu ugurdaky, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap kanunçylyk biýnadyny döretmek babatdaky köptaraplaýyn we maksatnamalaýyn işler yzygiderli dowam edýär. Gan donorlygy ýaly möhüm ugruň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän täze Kanun munuň aýdyň subutnamasydyr.

“Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen, deputatlar milli taryhy öwrenmegiň, halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýäde wagyz etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtadylar. Bu ugurdaky işi üstünlikli ýerine ýetirmekde taryhyň gymmatlyklaryny saklaýan muzeýlere, ýurdumyzyň ylym we aň-bilim merkezlerine möhüm orun degişli bolup durýar.

Türkmenistanyň ähli sebitlerinde diňe bir milli däl, eýsem, umumadamzat ähmiýeti bolan taryhy-medeni ýadygärlikleriň köp sanlysy bar. Olara dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan uly üns berilýär. Paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň muzeýleriniň gymmatlyklarynyň üsti ýurdumyzyň çäginde tapylan arheologik täzelikler we täze maglumatlar bilen yzygiderli ýetirilýär. Işiň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde bu bahasyz gymmatlyklar ýurdumyzyň taryhy bilen gyzyklanyp, muzeýlere gelýän adamlar üçin doly elýeterli boldy.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, medeni ojaklar, milli habar beriş serişdeleri, muzeýler, teatrlar, kitaphanalar, ylmy merkezler halkymyzyň baý mirasyny giňden wagyz etmek bilen, türkmen halkynyň özboluşly sungatynyň, halk döredijiliginiň ajaýyplygyny açyp görkezýär we her bir raýat üçin milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlyklara bolan elýeterliligi üpjün edýär.

Şunuň bilen baglylykda, muzeý we muzeý işinde döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän, Türkmenistanda muzeýleriň döredilmegini we onuň işini, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk hem-de beýleki gatnaşyklary kadalaşdyrýan, şeýle hem muzeýlere gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän bu Kanunynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Deputatlar “Pagtaçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça möhüm wezipelere üns berdiler. “Ak altyn” önümçiligi we ony gaýtadan işlemek toplumyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen topragynda pagta ösdürip ýetişdirmegiň örän gadymy we baý tejribeleriniň bardygy bellenildi. Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça obasenagat toplumynda dürli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, pagtaçylyk pudagynda hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullary, täze tehnologiýalar, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmegiň öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrylýar. Şunuň bilen birlikde, tohumçylyk pudagynyň işi kämilleşdirildi. Tiz ýetişýän, ýokary hasyllylygy we süýüminiň ýokary hili bilen tapawutlanýan täze sortlar döredilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk serişdeleriň taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzyň eksport ulgamynyň möhüm ugry hem-de dokma pudagynyň kärhanalary üçin esasy serişdeler bolup durýan “ak altynyň” önümçilik möçberleriniň artmagynyň möhüm şertini emele getirýär. Pagta Türkmenistanyň belli harytlyk nyşany bolmak bilen, köpsanly dünýä döwletlerinde uly isleg bildirilýän haryda öwrüldi.

Şu günki ara alnyp maslahatlaşylan kanunçylyk taslamasy Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de pagtanyň, pagta önümleriniň dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Milli kanunçylygyň üstüni ýetiren bu taslama pagtaçylygyň bolşy ýaly, başga-da birnäçe garyşyk ulgamyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Şeýle hem deputatlar “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine üýtgetme girizmek hakynda”, “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Teatr we teatr işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda”, “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň “Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň käbir kararlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň taslamalaryna garaldy. Şeýle hem başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan goldaw tapdy we olar kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda milli parlamentiň deputatlary Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetiren möhüm hukuk resminamalaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe ilerletmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň oňyn çözgüdini üpjün etjekdiklerine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter