Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna adam pidalaryna getiren suw joşguny zerarly gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ýolbaşçylaryna adam pidalaryna getiren suw joşguny zerarly gynanç bildirdi

опубликованно 21.08.2017 // 995 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindä we Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modä ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren giň gerimli suw joşguny zerarly gynanç hatlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter