Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ildeşlerimizi Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ildeşlerimizi Türkmen gawunynyň güni bilen gutlady

опубликованно 17.08.2017 // 1048 - просмотров
 

Döwlet baştutany oba hojalyk işgärlerine we ildeşlerimiziň ählisine baýramçylyk gutlagyny iberip, hususan-da: «Biz ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklar bilen bir hatarda iň bir girdejili pudaklaryň birine öwürmek boýunça maksatnamalýyn işleri durmuşa geçirýäris hem-de bu ugurda zerur çözgütleri kabul edýäris - diýip belledi.

Biziň oba hojalygydaky esasy maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmekden hem-de ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr. Bu ugurda oba zähmetkeşleriniň, şol sanda bakjaçy babadaýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär hem-de olaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär.

Güneşli Diýarymyzyň sahawatly sähralarynda, bereketli ýaýlalarynda türkmen gawunynyň bol hasylynyň ýetişdirilmegi örän buýsançlydyr. Bu datly tagam desterhanlarymyzyň we ekerançylyk önümlerinden doldurylýan bazarlarymyzyň bezegidir.

Şirin-şeker gawun-garpyzlarymyzyň öndürilişini artdyrmakda, täze görnüşlerini döretmekde ýadawsyz iş alyp barýan ussat bakjaçylarymyzyň we ekerançy alymlarymyzyň bitirýän işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Datsaň tagamy uzak wagtlap agzyňdan gitmeýän bal ýaly türkmen gawunlary barada meşhur alymlaryň, syýahatçylaryň we taryhçylaryň ýazgylary biziň günlerimize gelip ýetipdir.

Taryhy ýazgylardan belli bolşy ýaly, ýurdumyz örän gadymy döwürlerden bäri behişdi nygmat bolan gawunlaryň watany hasaplanyp gelipdir. Häzirki döwürde bakjaçylyk ylmynyň gorunda dünýä boýunça hasaba alnan gawunlaryň ýüzlerçesiniň türkmen topragynyň datly nygmatydygyna, merdana halkymyzyň ekerançylyk mirasy bolan milli türkmen gawunlarydygyna buýsanýarys.

Gadymy ekerançylygyň gülläp ösen mekany bolan türkmen topragynda bakjaçylygyň täze belentliklere göterilmegi üçin daýhanlara döwletimiz tarapyndan hemişe hemmetaraplaýyn goldaw berler».

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter