Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler | TDH
Syýasat habarlary

Milli Liderimiz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

опубликованно 16.08.2017 // 964 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň belli “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Žil Remini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäniň dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalar, şol sanda milli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanýan “Cifal” kompaniýasy bilen özara peýdaly gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni nazara almak bilen, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy. Nebitgaz pudagy, senagat we raýat gurluşygy, konsalting we bilermen hyzmatlary gatnaşyklaryň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Dünýäniň, şol sanda Ýewropanyň iri işewürlik düzümleriniň Türkmenistana bolan we barha ýokarlanýan gyzyklanmalary barada aýtmak bilen, myhman munuň özi sazlaşykly ösýän ýurduň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleriniň we milli Liderimiziň ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine parahatçylygyň, durnuklylygyň berkidilmegine, amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň aýdyň netijesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, jenap Žil Remi özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň indi 25 ýyl bäri gatnaşyk edýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýillidigini belledi.

Şeýle hem milli we halkara ähmiýetli birnäçe iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Cifal kompaniýasynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza Owganystan Yslam Respublikasynyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň çäklerinde GFR-iň “ILF” kompaniýasy bilen bilelikde TOPH-nyň işlerini taslamalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanyň hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmelerini oňlap, ýokary ylmy-tehniki çözgütleri, täzeçil tehnologiýalary esasy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýä işewürleriň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz we “Cifal” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hoşlaşanlarynda, birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň döwlet ösüşiniň möhüm ugurlaryna we türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň wezipelerine laýyk gelýän özara peýdaly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter