Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

опубликованно 15.08.2017 // 988 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Murad Aşraf Janjuany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýniň mähirli salamyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna bagt, parahatçylyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Pakistanyň Prezidenti Mamnun Huseýne iň gowy arzuwlaryny beýan etdi we Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler, hususan-da, Pakistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Ýurdumyzy Pakistan bilen çuňňur taryhy kökler, dost-doganlyk gatnaşyklary, medeniýetiň we däp-dessurlaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, asylly işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň çäklerinde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy. Ýokary derejede ýola goýlan türkmen-pakistan gatnaşyklary hem-de iki ýurduň halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi şol gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge we ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge degişli başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy.

Duşuşykda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilçi öz ýurdunyň TOPH transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, bu turbageçirijiniň çekilmeginiň sebit hem-de ählumumy derejede ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Diplomat Pakistana türkmen elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamanyň wajypdygyny hem belledi.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz we ilçi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Umumy pikire görä, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter