17-nji awgustda “Awtoulagsyz gün” diýen at bilen ekologiýa çäresi geçiriler | TDH
Jemgyýet

17-nji awgustda “Awtoulagsyz gün” diýen at bilen ekologiýa çäresi geçiriler

опубликованно 11.08.2017 // 1046 - просмотров
 

Iri möçberli çäre Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagyna bagyşlandy.

Aşgabat şäher häkimliginde TDH-a habar berişleri ýaly, penşenbe güni
17-nji awgustda ir sagat 7-den agşamara sagat 7-ä çenli paýtagtymyzyň ýollarynda awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler. Hususy awtoulag serişdelerini paýtagtymyzyň üsti açyk we ýapyk duralgalarynda goýmak zerurdyr, şäheriň köçelerinde bolsa diňe jemgyýetçilik awtoulagy hereket eder.

Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen Türkmen gawunynyň güni mynasybetli dabaralaryň şol güne geçirilmegi hem öňde boljak wakalaryň ähmiýetini artdyrýar.

17-nji awgustda durmuş ähmiýetli täze binalaryň, nebitgaz toplumynyň desgalarynyň, Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň açylyş dabaralarynyň, türkmen gawunynyň sergisiniň, “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşýan ýurtlaryň tagamlarynyň halkara sergisiniň hem-de gala-konsertiň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter