Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň esasy mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti we Azerbaýjan respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň esasy mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar

опубликованно 09.08.2017 // 973 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde Milli mejlisinde duşuşyk geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysy geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Oktaý Asadow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşýandygyna şatdygyny aýdyp, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuş-ykdysady ösüşinde Türkmenistanyň uly üstünlikleri hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan belent abraý gazanandygyny belledi. Azerbaýjanyň milli parlamentiniň ýolbaşçysy bu saparyň ähmiýetini belläp, düýn geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jeminiň biziň ýurtlarymyzyň arasynda deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli esasda guralýan giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň barşynda belent mertebeli türkmen myhmany Azerbaýjan Respublikasynda kanunçykaryjylyk häkimiýetini amala aşyrýan Milli mejlisiň gurluşy bilen tanyşdyryldy.

Respublikanyň milli parlamentiniň düzümine wekiller mažoritar saýlaw ulgamynyň we erkin, şahsy hem-de gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlawlaryň esasynda saýlanylýar. Milli mejlis bir palataly parlament bolup, 125 deputatdan ybaratdyr. Olaryň ygtyýarlyklary Milli ýygnagy çagyrmagyň ygtyýarlyklarynyň möhleti bilen çäklenýär. Parlamentiň häzirki düzümi 2015-nji ýylyň 1-nji noýabrynda saýlanyp, onuň düzümine “Täze Azerbaýjan” partiýasy, Raýat raýdaşlygy partiýasy, Watan partiýasy, şeýle hem partiýalara degişli bolmadyk wekiller girýär.

Halkara hyzmatdaşlygy barada aýdylanda bolsa, Milli mejlis Parlamentara bileleşigiň köpugurly we sebit halkara parlament guramalarynyň birnäçesiniň, Ýewropa Birleşiginiň Parlament assambleýasynyň, ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň, Gara deňiz ykdysady hyzmatdaşlygynyň Parlament assambleýasynyň, GDA gatnaşyjy ýurtlaryň Parlamentara assambleýasynyň, Yslam konferensiýasy guramasynyň Parlament assambleýasynyň agzasy, türki dilli ýurtlaryň Parlament assambleýasynyň, NATO-nyň Parlament assambleýasynyň assosiatiw agzasy bolup durýar.

Milli mejlisiň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, ýurtlarymyzyň parlamentleriniň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar kanunçykaryjylyk ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga, tejribe alyşmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, hukuk ulgamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny giňeltmäge bolan isleg beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi üçin Oktaý Asadowa minnetdarlyk bildirip, Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde geçirilýän duşuşyga şatdygyny aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şu sapar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz gazanylan ylalaşyklaryň jemleri boýunça dürli ugurlarda resminamalaryň ençemesine gol çekilendigini aýdyp, munuň iki goňşy halky asyrlaryň dowamynda baglanyşdyran gadymy dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini aýdyň görkezýändigini belledi.

Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasynda çözülmedik mesele ýok. Türkmenistan we Azerbaýjan häzirki döwrüň meselelerini diňe diplomatik ýollar arkaly, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň çäklerinde çözmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda iki goňşy ýurduň kanunçykaryjy düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly döwletleriň parlamentleriniň arasynda tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygyň bu ugruny has-da ösdürmek üçin ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma beýan edildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz häzir milli ykdysadyýetleriniň depginli ösüşini hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini görkezýärler. Bu bolsa Türkmenistan we Azerbaýjan tarapyndan amala aşyrylýan ösüşlere beslenen syýasy ýörelgäniň, iki döwletiň halklarynyň demokratiýanyň gadymy däplerine hemişe ygrarlydygynyň netijesidir.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2016-njy ýylyň sentýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň aýratynlyklaryna ünsi çekdi. Ol dünýä we milli tejribä, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine hem-de kadalaryna doly laýyk gelýär. Bu möhüm waka ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň taryhynda täze eýýamy açdy.

Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy hoşniýetli goňşuçylygyň köp asyrlyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň hem-de ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlyklary aýawly saklamak bilen, ony häzirki durmuşyň ruhunda täze mazmun bilen baýlaşdyrýarys diýip Türkmenistanyň Baştutany aýtdy. Esasy wezipeleriň biri ýagşy işleriň hem-de özgertmeleriň indiki tapgyrlaryny asylly däp hökmünde geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de bu işde iki ýurduň parlamentarilerine möhüm orun berilýändigini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Hazar deňzine parahatçylygyň, dostlugyň, howpsuzlygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hökmünde garaýar hem-de Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň derejesinde gazanylan ähli ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýärler. Ikitaraplaýyn ylalaşykly özara hereket edilmegi sebitde durnuklylygyň we oňyn ösüşiň möhüm ýagdaýydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de ýurtlarymyzyň Hazarýaka giňişligini uzakmöhletleýin geljegi nazara alyp, Ýewraziýada durnuklylygyň mäkäm halkasyna, giň halkara hyzmatdaşlygyň meýdançasyna öwürmegiň tarapdarlary bolup çykyş edýändigini belledi.

Ençeme ýüzýyllyklaryň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň çäkleriniň üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçdi. Biziň ýurtlarymyzyň çäk taýdan örän amatly ýerleşmegi netijesinde, bu gün gadymy ýoluň gaýtadan dikeldilmegi ýene-de möhüm wezipä öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, Gündogar-Günbatar halkara geçelgesinde ulag-logistika halkasyny döretmek boýunça amala aşyrylýan iri möçberli taslamalar uly ähmiýete eýe bolýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Bu ugurda bellenilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän halkara logistika düzümlerini kemala getirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir, bu bolsa taryhy Ýüpek ýoluň täzeden galkynmagyna uly goşant bolar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistan we Azerbaýjan baý uglewodorod serişdeleriniň gorlaryna eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Milli ykdysadyýetleriň ösüşiniň bu günki derejesiniň iki halkyň häzirki hem-de geljekki nesilleriniň bähbidine ägirt uly tebigy we ykdysady kuwwaty üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz umumy taryhy hem-de medeni mirasa esaslanýan ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna döwletlerimiziň ilkinji derejede ähmiýet berýändigini belläp, medeniýet, ylym, bilim, habarlar we syýahatçylyk ulgamlarynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň wajypdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulgamynda gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetine aýratyn ünsi çekip, soňky ýyllarda Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halkara sportunyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň sentýabrynda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýerine öwrüljekdigini belläp, Azerbaýjanyň parlamentiniň ýolbaşçylaryny bu waka mynasybetli çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara assambleýasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýalarynyň çäklerinde gatnaşyklary has-da giňeltmegiň möhümdigine aýratyn üns berdi. Biziň hyzmatdaşlygymyz iki doganlyk ýurtlaryň syýasy we durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin ygtybarly hukuk binýadyny döretmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynam bildirdi. Bu, öz nobatynda, hemmetaraplaýyn ösüşiň täze sepgitlerine çykmaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge taýýarlygyň we uly gyzyklanmanyň bardygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli Liderimiz Milli mejlisiň ýolbaşçysyna hem-de duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, bagtyýarlyk, doganlyk azerbaýjan halkynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Oktaý Asadow iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da netijeli boljakdygyna ynam bildirip, Azerbaýjanyň Milli mejlisiniň döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde ýardam etmäge taýýardygyny belledi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter