Türkmenistanyň Prezidenti: Hazardaky bilelikdäki taslamalar örän uly parahatçylyk döredijilik we ykdysady kuwwata eýedir | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti: Hazardaky bilelikdäki taslamalar örän uly parahatçylyk döredijilik we ykdysady kuwwata eýedir

опубликованно 08.08.2017 // 901 - просмотров
 

Azerbaýjan Hazar deňzi boýunça biziň goňşymyz diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Bakuda Prezident Ilham Aliýew bilen şu gün bolan gepleşiklerde aýtdy.

Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanyp barýandygyny belledi.

2010-njy ýylyň noýabrynda Bakuda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň III sammitinde Türkmenistan Hazaryň suw bioserişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça teklip bilen çykyş etdi. Biziň ýurdumyz bioserişdeleri gorap saklamak meselelerini çözmegiň täze, anyk kesgitlenen hukuk tertibinde yzygiderli esasda amala aşyrylmalydygyna pugta ynamyny beýan edýär.

Şonda Bakuda Türkmenistan ýene-de bir wajyp resminamanyň - Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň başyny başlady.

Biz Hazaryň tebigy we tehnogen häsiýetli ýokary töwekgelçilikli zolak bolup durýandygyndan ugur alýarys. Bu bolsa deňziň ekoulgamyna uly howp döredýär. Şoňa görä-de, bu ýerde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça özara hereket etmegiň netijeli köptaraply guralynyň döredilmegi ilkinji derejeli ähmiýete eýedir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy we bu teklipleriň Azerbaýjan tarapyndan işjeň goldanylýandygy üçin Ilham Aliýewe minnetdarlyk bildirdi.

Gepleşiklerde halkara ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde-de Hazar sebitiniň ähmiýeti bellenildi. Nygtalşy ýaly, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň Astrahan duşuşygynda ýurdumyz tarapyndan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.

Şol bir wagtyň özünde, iri ulag merkezi hökmünde bu sebitiň eýeleýän ornunyň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, Türkmenistan Hazarda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygy işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, agzalan resminamany golaýda boljak Hazar sammitiniň gün tertibine çykarmak maksady bilen, biz onuň üstünde işlenilişiniň işjeňleşdirilmegini Azerbaýjan tarapyndan goldanyljakdygyna umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistan bilen Azerbaýjan halkara energetika ulgamynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň sazlaşykly we köpugurly ulgamyny döretmek ugrunda çykyş edýär. Bu ulgam energiýa serişdeleriniň iberiljek ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, olaryň işlemeginiň anyk we aýdyň ölçeglerine, ygtybarlylygyny hem-de howpsuzlygyny kepillendirmäge we köptaraply bähbitleriň hasaba alynmagyna esaslanýar.

Bu taslamalar, gürrüňsiz, biziň ýurtlarymyz üçin bähbitlidir. Ykdysady we ekologiýa nukdaýnazaryndan esaslandyrylandyr. Hormatly Prezidentimiziň sözlerine görä, bu maksatlaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň hem-de degişli hukuk we guramaçylyk ýagdaýlarynyň döredilmeginiň üstünde başlangyçlar bilen çykyş edip we maksada okgunly işlemek gerek.

Ulag pudagy beýleki bir örän möhüm ugur bolup durýar. Bu ulgamdaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň geosyýasy we geoykdysady nukdaýnazardan oňaýly orun eýeleýändiklerini belledi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Merkezi Aziýanyň we Gara deňzi sebitiniň döwletlerini hem goşmak bilen, awtomobil-parom hem-de demir ýol-parom gatnawyny ýola goýmak hakynda barýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter