Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler | TDH
Syýasat habarlary

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

опубликованно 08.08.2017 // 853 - просмотров
 

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanlary ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijelerini teswirlediler. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn möhüm resminalaryň toplumyna gol çekilmegi bilen tamamlandy. Esasy resminama Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama boldy.

Bu wajyp syýasy resminama hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesine çykmaga taýýardygyny beýan eden iki ýurduň mümkinçilikleriniň ähli ugurlary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Taraplar halklarymyzyň bähbitlerine laýyk gelýän aragatnaşyklary has-da ösdürmek meselelerine hem-de halkara derejesinde, sebitde özara hereket etmäge umumy çemeleşmeleri tassykladylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter