Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisi

опубликованно 01.08.2017 // 1206 - просмотров
 

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň söweşjeň taýýarlygyny barlamak boýunça tälim-okuw türgenleşigi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň käbir bölümleriniň söweşjeň taýýarlygyny barlamak maksady bilen, ýarygijeden soň, olaryň şahsy düzümini duýdansyz aýaga galdyrdy, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew milli Liderimize mejlisi geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby-hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylar üçin döredilýän şertler bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, häzirki döwürde
“Aşgabat 2017-niň” Oýunlaryna taýýarlyk görmegiň, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerine aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, bu düzümleriň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin mümkinçilikleriň döredilmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyryp we biziň halkymyzyň parahatçylykly, abadan durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň kepili bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada döwletimiziň alada etjekdigini belledi.

Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, häzirki döwürde Milli Goşunda ýokary söweşjeň taýýarlygy, şahsy düzümleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ýaragly Güýçleriň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär we goşun bölümlerine häzirki zaman söweşjeň tehnikalarynyň täze tapgyrlary gelip gowuşýar. Munuň özi Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeleriň yzygiderli ýerine ýetirilýändiginiň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýändigini belledi. Munuň özi goranmak häsiýetine eýe bolan we üstünlikli amala aşyrylýan Harby doktrinamyzda öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaragly Güýçleriň ýokary hünärli serkerdeler bilen üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, işgärleri taýýarlamak ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Ýaş esgerleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, şahsy düzümiň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri yzygiderli görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we öňümizdäki Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda bu meseleleriň wajypdygyny belledi.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew hasabat döwründe serhet düzümlerinde alnyp barlan işleriň netijeleri we mähriban Watanymyzyň mukaddes çäkleriniň ygtybarlylygyny, eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, döwlet serhediniň degişli derejedäki goraglylygynyň Gullugyň möhüm wezipeleri bolup durýandygyny belledi. Olary üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreleriň ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz serhet goşunlarynyň işini has-da kämilleşdirmek, serhetçileriň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý ýaşaýyş-durmuş şertleri üçin zerur mümkinçilikleri üpjün etmek babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar-iýul aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem ýurtda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, ýol-ulag hereketiniň sazlaşygyny, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda ulag hereketini kadalaşdyrmak boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama hakynda habar berdi. Mundan başga-da, ol ministrligiň degişli gulluklary tarapyndan neşe söwdasy bilen meşgullanýanlaryň ele salnandygy, olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy hakynda hasabat berdi.

Kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmegiň demokratik, hukuk döwletiň möhüm meselesi bolup durýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň işine täzeçil usullary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýollarda ulaglaryň sazlaşykly hereketini ýola goýmak, şeýle hem ýangyn howpsuzlygynyň berjaý edilmegine gönükdirilen zerur çäreleri geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky gulluklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem şu ýylyň 7 aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri we ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň düýpli we oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi. Halkara hukuk kadalaryna doly laýyk gelýän kanunçylyk şol işleriň ygtybarly binýady bolup durýar.

Hökümet tarapyndan kabul edilýän çözgütlerde bu düzümiň edaralarynyň öňünde durýan jogapkärçilik barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz berjaý etmek ýörelgesine eýerip, her bir işiň jikme-jik öwrenilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, kazylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli okuwlar guralmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Baş prokuror B.Atdaýew prokuratura edaralarynda şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we ähli pudaklarda kanunçylygyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu düzümiň işgärleriniň öňünde durýan jogapkärli wezipelere ünsi çekdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy kanunlaryň rüstemligini üpjün etmegi, adamyň hem-de raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramagy esasy wezipeleriň hatarynda görkezip, prokuratura edaralarynda özleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşýän ýokary hünärli hünärmenleriň işlemelidigini nygtady we bu düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýolbaşçylyk edýän düzüminde 2017-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny pugtalandyrmak Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ählisini üstünlikli durmuşa geçirmekde möhüm şert bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Ministrligiň işiniň esasy ugurlaryna ünsi çekip, milli Liderimiz öňde boljak V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi boýunça ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, daşary ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini we halkara ugurlary boýunça ýük gatnawlarynyň möçberleriniň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän ýüklere degişli gözegçiligi ýola goýmak, olaryň ykrar edilen hil ölçeglerine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz işgärleriň hünär derejesi bilen bir hatarda gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz migrasiýa gullugynyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň anyk hasaba alynmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini belledi. Soňky ýyllarda türkmen paýtagty sebitara, halkara we dünýä derejesinde möhüm çäreleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz “Aşgabat 2017-niň” ýaryşlarynyň bu ugurdaky esasy wakalaryň biri bolup durýandygyny aýtdy. Gullugyň öňünde durýan, onuň esasy borçlaryndan we ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow beýleki ýurtlardan gelýän raýatlaryň, şeýle hem Aziýa oýunlaryna geljek myhmanlaryň degişli migrasiýa çäresini geçmegi üçin halkara ülňülerine laýyk şertleriň döredilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy M.Çakyýew amala aşyrylan işleriň netijeleri hem-de korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem ol ýurdumyzda parahorluga we korrupsiýa garşy göreş çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagynyň netijesinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçy wezipesinde işleýän adamlaryň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, eden jenaýatçylygynyň üstüniň açylandygyny we olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwlete zyýan ýetirmek bilen baglanyşykly ykdysady jenaýatlary ýüze çykarmagyň, öňüni almagyň, üstüni açmagyň we ony seljermegiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny we onuň milli kanunçylyga laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlygy möhüm talap bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Adalat ministri B.Muhammedow şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, täze kanunlaryň taslamalarynyň taýýarlanylyşy, şeýle hem raýatlar üçin jemgyýetçilik kabul edişligini yzygiderli guramagyň çäklerinde hereket edýän kadalaşdyryş-hukuk namalaryny ilata düşündirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýadynyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz hukuk ulgamynda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmegiň we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde ilata ýokary derejeli hukuk kömeginiň berilmelidigini aýdyp, milli Liderimiz bu babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi we ähli gulluklaryň ýolbaşçylaryndan öz işine jogapkärli çemeleşmegi talap etdi we “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň ýokary derejede howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Eziz Watanymyzyň parahatçylygynyň we durnuklylygynyň goragynda duran düzümleriň işini kämilleşdirmek, esgerleriň arasynda watançylyk terbiýesi boýunça işleri geçirmek, serkerdeler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmak we harby gullukçylaryň arasynda düzgün-nyzamy pugtalandyrmak esasy ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Milli Liderimiz göçme mejlisiň ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna eziz Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen jogapkärli işlerinde we gulluklarynda üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän serhet galasynyň çägine geldi. Bu ýerde häzirki zaman harby we söweşjeň tehnikalary goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan we ýurdumyzyň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.

Milli Goşunymyzyň ähli düzümleriniň goranyş kuwwatynyň artdyrylmagy, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy we häzirki zaman harby tehnikalaryň alynmagy ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýdyp, milli Liderimiz şahsy düzümleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň birini eline alyp, onuň aýratynlyklaryny synlady we bu ýerden nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi Arkadag Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.

Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Milli Liderimiziň sportda gazanan üstünlikleri üçin halkara derejeli ýokary baýraklara ençeme gezek mynasyp bolandygyny bellemelidiris. Döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllarynda hem sportuň söweşjeň görnüşleri bilen meşgullandy. Orta mekdebiň ýokary synplarynda okan döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýetginjekleriň arasynda kiçi kalibrli tüpeňden ok atmak boýunça geçirilýän ýaryşlarda tapawutlanyp, birinji orna mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeli.

Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz klassyky göreş boýunça 1972-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen respublikan ýaryşda öz agramy boýunça birinji orny eýelemegi başardy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak, beden taýdan taplanmak bilen bir hatarda adamda maksada okgunlylyk ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň ähli düzümleri üçin zerur bolan ýörelgedir. Şeýlelikde, bu düzümleriň hemmesinde köpçülikleýin bedenterbiýe, ýokary netijeli sport we söweşjeň taktiki ugurlar boýunça yzygiderli türgenleşikleriň geçirilmegi özüniň oňyn netijesini berjekdigi anykdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan pistoletden nyşana ok atmakda öz ussatlygyny görkezdi. Oklaryň hemmesiniň onluga düşmegi yzygiderli türgenleşikleriň we özüňe erk etmegiň ýokary nusgasynyň aýdyň netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz sportuň dürli ugurlary bilen meşgullanmagyň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň we ýokary netijelere eýe bolmagyň baş şertini emele getirýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda sport ýaryşlarynyň yzygiderli guralmagynyň wajypdygyny belledi.

Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy uzakdaky nyşana söweş pyçaklaryny örän dürs zyňyp, sowuk ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.

Bedenterbiýe bilen meşgullanmak adamyň bedenini taplaýar, onuň ruhubelentligini we çydamlylygyny ýokarlandyrýar. Söweşjeň ýaraga ussatlyk bilen erk etmek bolsa çözgütleri çalt hem-de dürs kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş ulaglaryny sürmekde, söweşjeň tehnikalara, şol sanda tanka, şeýle hem sesden çalt uçýan MIG-29 kysymly söweşjeň uçara erk etmekde ussatlyk görkezdi. Munuň özi milli Liderimiziň belent maksatlara ýetmäge bolan yhlasynyň, döwrebap söweşjeň tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby tälim-okuw türgenleşiginiň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde “Türgen — 2017” atly tälim-okuw türgenleşigine badalga berildi.

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli Goşunymyzyň kuwwaty berkidilýär. Olar eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragynda netijeli ulanylýar.

Şu gün merdana Watan goragçylary tälim-okuw türgenleşiginde söweşjeň taýýarlyklarynyň has-da ýokarydygyny görkezdiler.

Döwlet serhedini bozan ýaragly toparlary ele salmak hem-de zyýansyzlandyrmak boýunça taýýarlanan tälim-okuw türgenleşigine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi gatnaşdylar. Bellenen yşarat boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň nobatçy güýçleri we ýörite maksatly toparlary aýaga galdyryldy. Bikanun ýaraglanan toparlaryň hereketlerini ýüze çykarmak we maglumatlary ýygnamak maksady bilen, söweşjeň taýýarlykda nobatçylykda duran Döwlet serhet gullugynyň «Da-42» kysymly uçary çagyrylýar. Bu uçar serhetýaka etrabynda aňtaw uçuşyny geçirýär.

Tälim-okuw türgenleşiginiň maksadyna laýyklykda, D-30 kysymly artilleriýa toplary ýaragly toparyň hereketini böwetleýär, olaryň hüjüm edýän hereketlerini derbi-dagyn edýär we bikanun ýaraglanan toparlaryň söweş hatarlaryna, ot atyş sepgitlerine ot açyp, olara uly mukdarda ýitgi çekdirýär.

Şonuň bilen birlikde, bikanun ýaraglanan toparlaryň sowutly tehnikalaryna we janly güýjüne has netijeli urgy etmek, olary hatardan çykarmak we derbi-dagyn etmek maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2 sany «Awgusta-109» kysymly dikuçarlary çagyrylýar. Bellenen wagtda bu dikuçarlar bikanun ýaraglanan toparlaryň jemlenen ýerlerine awiasiýa raketalary bilen dürs urgy edýär.

Bilelikde hereket edýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzüminden döredilen ýörite maksatly toparlar sowutly tehnikalarda hem-de awtoulaglarda bellenen etraplardan herekete başlap, bikanun ýaraglanan toparlaryň galan güýçlerini gabamak we doly ýok etmek üçin söweşe girişýärler.

Iň kämil harby tehnikalar, şol sanda bronly awtoulaglar kuwwatlylygy, hereket tizlikleri we ýokary geçirijiligi bilen tapawutlanýar hem-de eziz Watanymyzyň dürli ýerlerinden geçýän Döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde netijeli ulanylýar.

Uçarmansyz uçuş enjamynyň kömegi bilen awtoulaglarda aýlawly ýollary peýdalanyp, Döwlet serhedimiziň çägini böwsüp, 10-15 adamdan ybarat bikanun ýaraglanan toparlaryň serhetýakasynda ýerleşýän ilatly nokada tarap hereket edýändigi ýüze çykarylýar.

Dolandyryş merkeziniň çep tarapyndan ýörite maksatly toparlar N1MR kysymly awtoulagda herekete başlaýarlar. Olaryň hereketlerini goldamak üçin bilelikde hereket edýän mergenler topary dessin hereket edip, amatly söweş orunlaryny eýeleýärler hem-de bikanun ýaraglanan toparlara garşy ot açýarlar.

«Türgen — 2017» atly tälim-okuw türgenleşiginiň maksatnamasyna laýyklykda, harby gullukçylar bikanun ýaraglanan toparlary ýok etmek babatda öz hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly düzümleri sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanyp, islendik garşydaşa berk gaýtawul bermäge bolan ukybyny nobatdaky gezek äşgär etdiler.

Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ýörite ýangyn söndüriji «Mi-8» kysymly dikuçary ot söndürmek işlerini geçirdi. Dikuçarda ýerleşdirilen suw döküji gurluşy, açyk suw howdanlardan ýa-da gaplardan dikuçarda suw almak, daglarda, tokaýlarda we barmasy kyn bolan ýerlerde ýangynlary söndürmek üçin niýetlenen.

Soňra bu ýerde türkmen alabaýynyň päsgelçilik zolagyndan geçişi görkezildi. Serhet goşunlarynyň düzümindäki gulluk itleri, ýörite itleri köpeldiş we kämilleşdiriş merkezinde ýetişdirilýär. Eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goraglylygyny pugtalandyrmakda, serhet bozujylary tiz ele salmakda bu gulluk itleriniň mynasyp orny bar.

Tälim-okuw türgenleşikleri tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Serhet institutynyň meýdançasyna geldi we onuň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça milli Liderimiziň şu günki nyşana ok atmak boýunça has oňat netijelerini görkezýän nyşana gol goýdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde welosipedde “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welosipedde gezelenç etmek adam synasynyň ähli ugurlaryna oňyn täsirini ýetirýär we onuň işjeňligini ýokarlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy düzümleriň arasynda dürli sport ýaryşlary bilen bir hatarda welosipedli ýörişleriň guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.

Ýolugra milli Liderimiz sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz medeni-köpçülikleýin we baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ýerleri kesgitlemäge jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Dürli ähmiýetli çäreleriň, şol sanda iri sport ýaryşlarynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreleri görmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Häzirki döwürde sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sportunyň ösdürilmegi, oňa ilat köpçüliginiň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegi döwrüň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüldi. Milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmeginiň öňde boljak yklymlaýyn ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde aýratyn möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli baýramçylyk maksatnamasynyň ýokary derejede geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňky ýyllarda türkmen paýtagtyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde Aşgabatda dürli maksatly desgalar, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalary guruldy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň özboluşly binagärlik keşbini emele getirdi.

Döwlet Baştutanymyz we welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň edara binasynyň ýanynda saklandylar. Şol ýerde halkymyzyň taryhynda şöhratly yz goýan beýik serkerde Alp Arslanyň ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýerde milli Liderimiz şu günki çäreleriň netijeleriniň jemini jemledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümleriň ýokary netijeli gulluklary we döwrebap ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek barada yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter