Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy | TDH
Jemgyýet

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy

опубликованно 27.07.2017 // 2324 - просмотров
 

“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgylary” atly neşiriň nobatdaky, 9-njy sany çapdan çykdy. Onda hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2015-nji ýylda alyp baran köpugurly we netijeli işleri beýan edilýär. Şol ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň halkara hukuk derejesini gazanmagynyň 20 ýyllygyna beslendi.

Milli Liderimiziň “... 2015-nji ýylyň ýurdumyz üçin çylşyrymly ýyl bolandygyny bellemek isleýärin. Döwletimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda biz dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz hadysalaryň dowam edýän şertlerinde oňat netijeleri gazanmak üçin möhüm çäreleri amala aşyrdyk. Häzirki döwürde, şeýle çylşyrymly ykdysady we maliýe şertlerinde ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň döwletimizi ösdürmekde jebisleşdiriji we durnuklaşdyryjy täsire eýedigini bütin dünýä subut etdik” diýip aýdan sözleri neşiriň ähli makalalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçip, hronologik beýana giriş boldy.

Kitap maglumat-seljeriş syny bilen açylýar, onda jemgyýetiň döwlet-hukuk we syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýeti innowasion-industrial taýdan ösdürmek, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özgertmek, halkara giňişliginde ýurdumyzyň ornuny berkitmek meseleleri düýpli beýan edildi. Makala milli Liderimiziň baştutanlygynda täze taryhy döwürde döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda başy başlanan we amala aşyrylýan özgertmeleriň batly depginleri we giň gerimli özgertmeleri barada umumy düşünje berýär.

Neşirde garalýan döwürde bolup geçen möhüm wakalara giňden syn berilýär. Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) resmi habarlarynyň esasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň welaýatlar boýunça amala aşyran iş saparlary, Ministrler Kabinetiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisleri, wideoşekilli iş maslahatlary, Mejlisiň maslahatlary we kabul edilen kanunçylyk namalary barada gürrüň berilýär. Okyjylar kitabyň sahypalarynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanlary, Kararlary we Buýruklary bilen tanşyp bilerler.

Beýan edilen wakalar eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini, onuň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyny, ylmy-tehniki gazanylanlary we önümçilik üstünlikleri, jemgyýetiň ruhy durmuşynyň täzelenmegini görkezýär. Senenamada türkmen topragynyň ähli künjeklerinde bolup geçýän iri möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda milli Liderimiziň aýratyn tagallalary aýdyň beýan edilýär. Neşiriň nobatdaky sany maglumatlar arkaly getirilýän deliller hem-de baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar, bu bolsa okyjylar köpçüligine döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň durmuş abadançylygynyň we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasy strategiýasynyň many-mazmuna we maksatlaryna has çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär.

Neşirde Türkmenistanyň öz Lideriniň parasatly ýolbaşçylygynda oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barşy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyndan ruhlanan jebis we agzybir halkyň tutanýerli zähmeti netijesinde Watanymyzda höküm sürýän asuda, abadan we döredijilik ylhamyndan doly bolan bagtly durmuş barada gürrüň berilýär.

Kitapda yzygiderli tertipde beýan edilen wakalar we habarlar ýurtda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň durmuş ugurlylygynyň bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçilmegini üpjün edýändigini aýdyň görkezýär. Döwlet öz raýatlarynyň öňünde Konstitusiýada bellenilen durmuş borçnamalaryna ygrarly bolup galýar. “...Meniň bar aladam diňe halkymyzyň bähbidine, ilatyň bolçulykda, abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir” diýip, milli Liderimiz belleýär.

Ýyl ýazgysynda döwlet Baştutanymyzyň bu babatda alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlary anyk mysallarda beýan edilýär. Hususan-da, kitapda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilaty iş bilen, raýatlarymyzy häzirkizaman ýaşaýyş jaýlary, elýeterli bahalar boýunça azyk we senagat harytlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, lukmançylyk kömegini bermek, bilim, ylym we medeniýet hem-de beýleki ulgamlary kämilleşdirmek meselelerine uly üns berilýändigi barada aýdylýar.

Kitapda türkmen jemgyýetinde milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň sazlaşykly utgaşmagyna esaslanan dünýägaraýyşly medeniýeti kemala getirmek hakynda giňişleýin syn berilýär, bu bolsa Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe döwlet ideologiýasynyň mazmuny bolup durýar.

Çap edilýän maglumatlar hormatly Prezidentimiziň yzygiderli ýöredýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýokary derejedäki duşuşyklar, işewür gepleşikler, wekilçilikli forumlar, medeni çäreler we beýleki ähmiýetli wakalar barada yzygiderli tertipde gürrüň berilýär. Neşirde Türkmen döwletiniň öz bitaraplyk derejesini daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde ulanmagy bilen bagly habarlar möhüm orun eýeledi.

Bitaraplyk “dünýäde parahatçylygy saklamaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwerlik ýörelgelerini yglan edip, agzybirlige ýardam berýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Kitap ýurdumyzyň ähli döwletler we abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG bilen köpugurly we netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny aýdyň beýan edýär. Onda döwlet Baştutanymyzyň dünýä giňişliginde milli bähbitleri goramak bilen mynasyp we aýgytly çykyş edýändiginiň mysallary getirildi. Şol bähbitler ykdysady açyklyk we syýasy adalatlylyk, dürli ugurlarda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly üstünlikli amala aşyrylýar. Makalalarda milli Liderimiziň Merkezi Aziýa sebitinde we tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy, durnukly ösüşi hem-de ählumumy abadançylygy berkitmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary beýan edilýär.

Kitap taryhçy-ülkäni öwrenijilere, syýasatşynaslara, jemgyýetçilik ylmyny öwrenijilere, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňlerine, aspirantlara we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna we mugallymlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň durmuşy bilen gyzyklanýan okyjylaryň giň toparyna niýetlenendir. Şunda neşir ilatyň, esasan-da, ýaşlaryň arasynda jemgyýetçilik-syýasy bilimleri giňden wagyz etmek babatynda uly ähmiýete eýedir.

Bu neşir Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanyldy we türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter