TOPH gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar | TDH
Ykdysadyýet

TOPH gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar

опубликованно 07.07.2017 // 890 - просмотров
 

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat berdi.

Şeýle wise-premýer “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada durup geçdi.

Şu ýylyň alty aýynda nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň meýilnamasy 105,1 göterim, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy 101,9 göterim ýerine ýetirilip, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişiniň möçberleriniň ösüş depgini 103,2 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende awtomobil benzininiň önümçiligi boýunça meýilnama 105,1 göterim, dizel ýangyjynyň öndürilişi 104,4 göterim, polipropileniň öndürilişi 106,2 göterim, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 112,9 göterim, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 123,4 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzda tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşynyň möçberleriniň, şeýle hem dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiliginiň mundan beýläk-de artdyrylmagyna gönükdirilen iri maýa goýumlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy talap etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter