Türkmenistan ýarym ýylda 105 halkara resminamalara gol çekdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan ýarym ýylda 105 halkara resminamalara gol çekdi

опубликованно 07.07.2017 // 1104 - просмотров
 

Şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda dürli derejedäki wekiliýetleriň 248-si döwletimize sapar bilen geldi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berdi.

“Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” yzygiderli durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistandan daşary ýurtlara 404 wekiliýet iberildi.

Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda dürli derejeli çäreleriň 134 sanysy guraldy hem-de halkara resminamalarynyň 105-sine gol çekildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda 22 duşuşyk guraldy.

Ýylyň başyndan bäri ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 11 sanysy hem-de ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň ençemesi geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter