Türkmenistanyň Milli kosmos agentligine täze ýolbaşçy bellendi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Milli kosmos agentligine täze ýolbaşçy bellendi

опубликованно 07.07.2017 // 895 - просмотров
 

Alladurdy Ataýew pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

Milli kosmos agentliginiň başlygy wezipesine Aşyr Garaýew bellendi. Ol Türkmenistanyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Ataýewe agentligiň işini ýola goýmakda bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we ony “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiziň Permanynda A.Ataýewiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylmy we tehnikany ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri, döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de yhlasly we göreldeli zähmet çekendigi bellenýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter