Owganystan ulag we energetika ulgamynda Türkmenistanyň durmuşa geçirjek başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär | TDH
Syýasat habarlary

Owganystan ulag we energetika ulgamynda Türkmenistanyň durmuşa geçirjek başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär

опубликованно 03.07.2017 // 858 - просмотров
 

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi. Geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada aýdyp, owgan Lideri onuň çuň many-mazmuna we netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk has netijeli we yzygiderli alnyp barylýar hem-de ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýär. Bilelikdäki birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, Mohammad Aşraf Gani olaryň durmuşa geçirilmeginde Owganystanyň üstaşyr geçiriji ýurt hökmündäki ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglyllykda, owgan Lideri türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini, onuň ulanylmaga berilmegi bilen sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsiri belledi. Owganystanyň halky bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegine uly umyt bildirýär we onuň ulanmaga berilmeginiň şaýady boljakdygyna ynanýar diýip, owgan Lideri aýtdy.

Owgan tarapynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan bilelikdäki iri taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, Owganystanyň Prezidenti gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde döwlet Baştutanymyzyň aýratyn tagallasyny nygtady.

Üstaşyr geçelgeleri ösdürmekde biziň ýurtlarymyza möhüm ornuň degişlidigini belläp, belent mertebeli myhman bu ugurdaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda owgan Lideri Owgan tarapynyň Türkmenistanyň abraýly halkara guramalarynyň, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandygyny we Aziýa sebitinde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan häzirki zamanyň derwaýys meselelerini oňynçözmek maksady bilen mundan beýläk-de tagalla etjekdigini nygtady. Geljekde biziň döwletlerimihziň üsti bilen Ýewropa ýurtlaryna çykalganyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn diýip, Owganystanyň Baştutany belledi.

Elektroenergetika ulgamyndaky türkmen-owgan gatnaşyklarynyň meselelerine degip geçmek bilen, belent mertebeli myhman öz ýurdunyň, öňi bilen bolsa onuň senagatynyň, oba hojalygynyň, ýangyç-energetika pudagynyň ösmegi üçin has-da ähmiýetlidigini nygtady. Sebitara ykdysady gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň geçirilendigini aýdyp, owgan Lileri geljekde türkmen elektroenergiýasyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana ugratmak üçin şertleriň dörediljekdigine, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň bolsa sebitiň beýleki ýurtlarynyň ykdysady ösüşine oňyn täsir etjekdigine, tebigy serişdeleriň netijeli ulanyljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen-owgan serhediniň netijeli hyzmatdaşlyk we dost-doganlyk gatnaşyklaryň serhedi bolup durýandygyny belläp, Owganystanyň Baştutany öz ýurdunyň bu ugurda, hususan-da, iki ýurduň arasyndaky gümrük geçelgelerini, döwrebap söwda düzümini döretmek meselelerini çözmekde özara gatnaşyklary dowam etmäge taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň serhetýaka etraplaryna ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owgan tarapynyň ulag ulgamynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge, şol sanda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassyklap, belent mertebeli myhman Owganystanyň ulag geçelgelerini döretmekde we ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ulag geçelgeleriniň döredilmegini üpjün edýän geografiki ýagdaýyny aýratyn belledi. Owgan Lideriniň aýdyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda Türkmenbaşydaky halkara deňiz menziliniň we Türkmenistanyň ulag düzüminiň mümkinçiliklerini herekete girizmek hakynda pikir alyşmalar boldy.

Owgan tarapynyň ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Owganystanyň Prezidenti ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli jsdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Aşgabadyň täze Halkara howa menziliniň binagärlik aýratynlyklaryna we döwrebap mümkinçiliklerine, şeýle hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk derejesine haýran galýandygyny belläp, Prezident Mohammad Aşraf Gani iri sport çäresiniň Türkmenistanda ýokary derejede geçiriljekdigine hem-de onuň ýurda dünýä derejesindäki sport şöhratyny getirjekdigine ynam bildirdi.

Jemleri boýunça möhüm resminamalara gol çekilen gepleşikleriň örän netijeli bolandygyny belläp, Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin aatly islendik pursatda Owganystana gelmäge çagyrdy.

***

Şol gün belent mertebeli myhman Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna tarap ugrady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani iri atçylyk merkezini uly gyzyklanma bilen synlady. Bu ýerde “Behişdi bedewleri” saklamak, köpeltmek we sport ýaryşlaryna taýýarlamak hem-de nesilleriň, çapyksuwarlaryň täze nesillerini ýetişdirmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Belent mertebeli myhmana ahalteke bedewleriniň iň ajaýyplary görkezildi. Dostlukly ýurduň Lideri bedewleriň çeýeligine, gözelligine, şeýle hem at çapmagyň gadymy sungatynyň ýaş çapyksuwarlar tarapyndan aýawly saklanýandygyna has aýdyňlygy bilen göz ýetirdi.

Günüň ikinji ýarymynda Owganystanyň Prezidenti paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän we watan goragçylary bolan milli Gahrymanlaryň ýadygärligini, şeýle hem 1948-nji ýylyň weýrançylykdy Aşgabat ýer titremesinde gurban bolanlar hakyndaky hakydany ebedileşdiren “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumyna geldi. Bu ýerde Prezident Mohwammad Aşraf Gani “Baky Şöhrat” ýadygärligine gül dessesini goýdy we Ýadygärlikler toplumynyň çäginde ýerleşýän “Watan mukaddesligi” muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Şeýle hem ol şol ýerdäki hormatly myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Giçlik belent mertebeli myhmanyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki ýurduň döçlet Baştutanlary söz sözlediler.

Agşamlyk nahar tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, şu günki duşuşygyň we onuň netijesi boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn bolşy ýaly, tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýjn döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistana bolan resmi saparyny tamamlap, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanyna tarap ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter