Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow doglan güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

опубликованно 29.06.2017 // 2569 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň 60 ýyllyk ýaş toýy mynasybetli ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümlerinden gutlaglary kabul etdi.

Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlamak bilen, milli Liderimize berk jan saglyk, ýurdumyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli we döredijilikli işlerinde täze üstünlik arzuw etdiler.

Watana ak ýürekden gulluk etmek döwlet dolandyryşynda toplanylan baý tejribe, jogapkärli wezipä wepalylyk we her bir türkmenistanlynyň abadançylygy baradaky ýadawsyz alada milli Liderimize bolan hormaty artdyrdy we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň daşynda hem hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň ykrar edilmegini şertlendirdi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ägirt uly özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşleri, belent sepgitleri eýelän ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan döwlet ösüşinde, milletiň ruhy-medeni galkynyşynda özboluşly milli ýörelge kemala geldi. Ähli işleriň adamlaryň abadançylygyna gönükdirilen ugruň esasy ýörelgesini äşgär eden “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar milli Liderimiziň amala aşyrýan syýasatynyň esasynda durmuş ulgamynyň durýandygyny beýan etdi.

Şu ýylyň fewralynda giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijesi Arkadag Prezidentimize bolan beýik ynamyň, ählihalk söýginiň subutnamasyna öwrülip, halkymyzyň ählumumy erki bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesine täze möhlete biragyzdan saýlanmagyny üpjün etdi.

Häzirki döwürde milli Liderimiz görnükli syýasatçy, halkara bileleşiginiň amala aşyrýan çärelerine işjeň gatnaşýan we tutuş dünýäde uly abraýdan peýdalanýan döwlet Baştutany hökmünde ykrar edildi. Tutuş dünýäde türkmen döwletiniň işjeň syýasatyna we onuň häzirki zamanyň möhüm sebit hem-de ählumumy meseleleriniň çözgüdine goşýan goşandyna ýokary baha berilýär. Ýurdumyz özygtyýarlylygyny, ykdysady we syýasy ornuny pugtalandyryp, parahatçylyk söýüji kuwwata, sebitde ylalaşygyň we durnuklylygyň pugta binýadyna öwrüldi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany biragyzdan kabul etmegi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň halkara giňişligindäki belent abraýynyň subutnamasydyr.

Durmuş-ykdysady we syýasy ulgamlarda gazanylýan üstünlikler, ýurdumyzyň häzirki zamanyň möhüm meselelerine bolan oňyn çemelemeleri dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy we milli Liderimiziň tutuş halkyň we dünýä halklarynyň bähbidine amala aşyrýan öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly syýasaty giňden oňlanylýar. Türkmenistanyň 2016-2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna, şeýle hem şu ýyl Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň 2018-2020-nji ýyllar üçin Ýerine Ýetiriji Geňeşine (ÝUNISEF) saýlanyldy.

Dünýä ykdysady giňişligine goşulmagy nazarlaýan “açyk gapylar” syýasatyny, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny we maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy.

Milli Liderimiziň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyzyň baý taryhy, medeni mirasyna daýanyp, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine gönükdirilen beýik hem-de asylly maksatlary ugur edinýän häzirki hem-de geljekki nesilleri baglanyşdyrýar we ruhlandyrýar. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, ýokary netijeli sportuň berkidilmeginiň tarapdary Arkadagyň ady Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda boljak V Aziýa oýunlarynda gazanyljak beýik ýeňişler bilen baglanyşdyrylýar. Munuň özi Türkmenistanyň sport ýurdy hökmündäki abraýyny belende göterer.

Milli Liderimiz hoşniýetli gutlag sözleri üçin minnetdalyk bildirip, gazanylýan üstünlikleriň täze ýeňişlere ruhlandyrýandygyny kanagatlanma bilen belläp, ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de okgunly hereket etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra bu çärä gatnaşýan Azerbaýjan Respublikasynyň belli medeniýet we sungat işgäri Polat Bilbil ogly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, milli Liderimize berk jak saglyk, uzak ömür, dostlukly Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan giň möçberli döwlet işlerinde uly üstünlik arzuw etdi. Siz tejribeli we öňdengörüji döwlet işgäri hökmünde hem-de ýurduň sazlaşykly ösüşi, sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrunda ähli tagallalary edýän döwlet işgäri hökmünde öz halkyňyzyň çuňňur hormatyna mynasyp bolduňyz, biz Azerbaýjanda Türkmenistanyň döwletiniň we doganlyk halkynyň gazanýan üstünliklerine tüýs ýürekden şatlanýarys diýip, Polat Bilbil ogly belledi.

Hormatly Prezidentimiz azerbaýjanyň medeniýet ulgamynyň görnükli wekili bilen mähirli salamlaşyp we oňa hoşniýetli gutlaglary, arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, parahatçylygyň, dostlugyň hem-de halklaryň bitewüliginiň berkidilmeginde medeniýete we sungata möhüm ornuň degişlidigini belledi. Medeniýet her halkyň milli aýratynlyklarynyň we özboluşlylygynyň kemala gelmegini şertlendirýär, olary birikdirýär we halklaryň ýakynlaşmagynda ruhy köpri bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle asylly maksatlardan ugur alyp we Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň halklarynyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, iki döwletiň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda bitiren aýratyn hyzmatlaryny, şeýle hem artistiň zehinini, aýdym-saz sungatyny ösdürmekde gazanan üstünliklerini nazarda tutup, şu ýylyň aprelinde Azerbaýjan Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Polat Bilbil ogluna “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly derejäni bermek baradaky çözgüt kabul edildi.

Hormatly myhmana degişli şahsyýetnamany we döşe dakylýan nyşany gowşuryp hem-de ony bu şanly waka bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Polat Bilbil oglunyň tanalýandygyny we oňa meşhur azerbaýjan aýdymçysy, zehinli kompozitor, artist, görnükli döwlet hem-de jemgyýetçilik işgäri, şeýle-de tejribeli diplomat hökmünde uly hormat goýulýandygyny belledi.

Siziň döredijiligiňiz we zehiniňiz halkymyzyň kalbynda aýratyn orny eýeledi hem-de diňe bir Azerbaýjandan däl, onuň çäklerinden daşynda hem size uly abraý getirdi diýip, milli Liderimiz belledi hem-de dostlukly ýurduň medeniýet işgärine alyp barýan möhüm, jogapkärli işinde täze üstünlik, halkara işlerinde bolsa rowaçlyk, şeýle hem berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

Ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklary baradaky gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz Türkmenistanyň goňşy hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplanýan Azerbaýjan Respublikasy bilen ýola goýulýan özara gatnaşyklara ýokary baha berýändigini we onuň okgunly ösdürilmegine meýillidigini belledi. Biz iki doganlyk ýurduň arasynda döwrüň synagyndan geçen syýasy, ykdysady we medeni-ruhy gatnaşyklary mundan beýläk-de giňelderis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Polat Bilbil ogly berlen ýokary dereje üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýokary sylaga buýsanýandygyny, ony iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň we hormatly Prezidentiň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine şahsy ünsi hökmünde görýändigini nygtady. Bu sylag meniň ýüregime has ýakyndyr. Çünki kakam Bilbil bu ýerde ýygy-ýygydan bolup, Aşgabady tüýs ýürekden söýýärdi. Ine şol ýörelge maňa geçipdir. Häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklary hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösdürilýär. Men iki ýurduň halk artisti hökmünde mundan beýläk-de özara gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşant goşjakdygyma ynandyrýaryn diýip, myhman belledi.

Soňra Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowa söz berildi.

Dýusen Kaseinow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap berk jan saglyk, abadançylyk, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň möçberli işlerinde uly üstünlik arzuw edip, milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, parahatçylygy we ynsanperwer gymmatlyklaryny dabaralandyrmakda, halklaryň medeni taýdan ýakynlaşmagyny üpjün etmekde ägirt uly goşandynyň bardygyny nygtady.

Halkara guramasynyň ýolbaşçysy döredilen mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynyň türk diline neşir edilen sowgatlyk nusgasyny gowşurdy. Myhmanyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen saz medeniýetine bagyşlanyp, ol sungatyň parahatçylyk dörediji ýörelgelerine beslenendir hem-de dünýäniň ähli halklary üçin wajypdyr. Onuň türk diline terjime edilmegi kitabyň okyjylarynyň sanyny artdyrar. Ägirt uly aň-düşünje we terbiýeçilik ähmiýeti bolan bu kitap ýaşlar üçin has-da ähmiýetlidir. Täze eser geljegiň eýesi bolan ýaşlaryň öz köklerine, taryhy çeşmelere ýüzlenmegini, bahasyz ruhy mirasyň saklanmagyny we baýlaşdyrylmagyny şertlendirer diýip, Dýusen Kaseinow belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynyň türk diline terjime edilendigi üçin TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçysyna we onuň üsti bilen halkara düzüminiň Hemişelik geňeşine minnetdarlyk bildirip, türkmen halkynyň baý taryhy we medeni mirasyny saklamak, olary çuňňur öwrenmek hem-de giňden wagyz etmegiň milli däpleriň nesilden-nesle geçirilmegine ygrarly bolan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, öz kitabynda ady rowaýata öwrülen türkmen sazandasy, eline saz guralyny alyp, ýesirlikdäki doganyny halas etmek üçin ýola düşen Şükür bagşy hakynda gürrüň berilýär. Ol saz bäsleşiginde şol ýurduň iň ussat sazandasyny ýeňip, öz maksadyna ýetýär.

Döwlet Baştutanymyz halk bagşyçylyk sungatynyň öz taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp, ýurdumyzda ähli döwürlerde aýratyn hormat-sylaga mynasyp bolandygyny belläp, halk sazandalarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlarynda, sazlarynda watandaşlarymyzyň bagtyýarlygy, çylşyrymly durmuşy, şatlygy we gussasy, kalbynyň gözelligi hem-de ajaýyp duýgulary jemlenendir diýip, sözüni dowam etdi. Türkmenlerde dutaryň owazy ynsany näsaglykdan, öýke-kineden saplaýar, rahatlandyrýar we onuň durmuş kuwwatyna oňyn täsirini ýetirýär.

Ýurdumyzyň TÜRKSOÝ bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary barada aýtmak bilen, milli Liderimiz bu halkara guramasy bilen umumadamzat medeni mirasyň möhüm bölegi bolan türki halklaryň baý medeni mirasynyň saklanmagyna, öwrenilmegine we dünýä ýüzünde wagyz edilmegine gönükdirilen gatnaşyklaryň sazlaşykly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Biz mundan beýläk-de bu ugurdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga, medeni alyşmalary giňeltmäge, sebit we ählumumy möçbere ýakyn ynsanperwer gatnaşyklaryny ýola goýmaga işjeň goldaw bereris diýip, hormatly Prezidentiimz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz alyp barýan asylly işinde Dýusen Kaseinowa uly üstünlik arzuw edip, ýurdumyzyň onuň ýolbaşçylyk edýän guramasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürjekdigine ynam bildirdi we myhmana türkmeniň milli don-telpegini hem-de “Arkadagyň bagtly eýýamy” atly täze kitaby gowşurdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk bölünişiginiň baştutany Irina Wlaha söz berdi.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, döwlet Baştutanymyza Gagauziýanyň ýokary sylagy bolan “Gagauz Ýeri” ordenini gowşurmak maksady bilen gelendigini habar berdi. Milli Liderimiz bu ordeni iki halkyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, awtonomiýanyň ykdysady we medeni taýdan ösüşine goldaw bermäge goşan şahsy goşandy üçin mynasyp boldy. Irina Wlahyň belleýşi ýaly, bu orden Gagauz awtonomiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan adamlara gowşurylýar. “Siz bu ugurda nusgalyk görelde bolup durýarsyňyz. Biz siziň ýurduňyzda bolup geçýän özgertmelere, Türkmenistanyň ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda sazlaşykly ösýändigine syn edýäris. Şunlukda beýleki halklara ägirt uly üns berýändigiňiz bizi begendirýär. Türkmen halkynyň abraýynyň belende galmagy ugrunda edýän tagallaňyz örän duýarlyklydyr” diýip, Gagauziýanyň baştutany aýtdy.

Irina Wlah tutuş gagauz halkynyň adyndan yzygiderli üns we hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda onuň Watanynda gurlup ulanylmaga belen çagalar bagy, şeýle hem Çişmikioý obasynyň suw bilen üpjünçiliginiň gowulandyrylmagyna goldaw berendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýtdy. Myhman häzirki döwürde täze çagalar bagynyň Gagauziýada soňky on ýyllygyň dowamynda amala aşyrylan iň ähmiýetli durmuş ulgamyna degişli taslamalaryň biridigini belläp, onuň mekdebe çenli terbiýe boýunça işi utgaşdyrýan iri usulyýet merkezi bolmak bilen, şunuň ýaly ajaýyp desganyň tutuş Moldowa Respublikasynda ýokdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk bölünişiginiň ýolbaşçysyna “Gagauz Ýeri” ordenini gowşurandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, munuň biziň halklarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini tassyklaýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň tutuş dünýäde durnukly ösüşiň berkidilmegine gönükdirilen bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik syýasatyna berlen ýokary baha hökmünde kabul edýändigini aýtdy.

Biziň halklarymyzy taryhyň, medeniýetiň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Gagauziýa bilen birek-birege hormat goýmak, deňhukukly we ösüşe bolan gyzyklanmalara esaslanýan dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly ähmiýet berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk boýunça ägirt uly tejribe toplanandygyny belläp, Çişmikioý gagauz obasynda dabaraly açylyp ulanylmaga berlen çagalar bagyny mysal getirdi. Bu desga ýurtlarymyzyň arasyndaky dostluk nyşany bolup durýar. Hut şonuň üçin hem ol “Dostluk” diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň maliýeleşdiren bu durmuş taslamasy iki halkyň arasyndaky özara gatnaşyklarda täze tapgyryň başlangyjyna öwrüldi. Uly ruhy taýdan ýakynlaşmak, täze ynsanperwer gatnaşyklaryny we bilelikdäki asylly işleri dowam etmek üçin täze ýollary açýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn berkidilmegi üçin zerur tagallalaryň ediljekdigine ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyz türkmen-moldowan hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Türkmenistanyň Gagauziýanyň doganlyk halkyna hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş türkmen halkynyň adyndan doganlyk gagauz halkyna ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirdi.

Irina Wlaha “Arkadagyň bagtly eýýamy” atly kitaby gowşuryp, milli Liderimiz belent mertebeli myhmana berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde uly üstünlik, doganlyk Gagauz halkyna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatçylar birleşiginiň Geňeşiniň başlygy, “Soýuzneftegaz” Döwletara nebit kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Ýuriý Şafranik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 60 ýyllyk ýubileý senesi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ol döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Russiýanyň işewür düzümleriniň Türkmenistan bilen ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini belläp, myhman halkara gatnaşyklary we köpugurly ykdysady hyzmatdaşlyk ulgamlaryna üstünlikli goşulýan milli ykdysadyýetiň mümkinçiliklerine we kuwwatyna ýokary baha berdi.

Häzirki döwürde Türkmenistan ykdysady ösüş depginleri boýunça dünýäde öňdäki ýurtlaryň biri bolup durýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän ykdysady strategiýasynyň anyk netijesidir. Senagat pudagyny köpugurly esasda ösdürmek, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, ähli pudaklara täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, önümçiligi ylmy esasda ösdürmek şol strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar. Köp görnüşli ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, ýurdumyz sebitara we halkara ähmiýeti bolan iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygy, ýurdumyzda ilkinji we Merkezi Aziýa sebitinde iri kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplum we beýlekiler bar.

Ýuriý Şafranigiň belleýşi ýaly, “Gornopromyşlenniki Rossii” täjirçilik däl gatnaşyklarynyň Ýokary dag geňeşiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda dag-magdan senagatynyň ösdürilmegine goşan şahsy goşandy we sebitiň mineral-çig mal binýadyny özleşdirmäge berýän goldawy üçin “Gornýak Rossii” Altyn nyşany bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdi kabul etdi.

Bu nyşan 2000-nji ýylda döredildi. Ol Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Geraldik geňeş bilen baglaşylan ylalaşyk esasynda gowşurylýar we bu nyşan bilen dag magdan işlerini we ugurdaş ylmyň netijeli ösdürilmegini şertlendirýän tagallalara ägirt uly goşantlary üçin dag magdan işiniň hünärmenleri, jemgyýetçilik we döwlet işgärleri sylaglanýar.

Russiýanyň Ýokary dag magdan geňeşiniň toparyna ýokary sylag üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyz ony häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine mynasyp goşant goşýan tutuş türkmen halkynyň gazanan üstünlikleriniň we ýeten derejesiniň halkara ykrarnamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan dag-himiýa senagatyny ösdürmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde pudakda birnäçe maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Olaryň baş maksady mineral dökünleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak we olaryň görnüşlerini giňeltmek bolup durýar. Şeýle taslamalaryň biri ýyllyk kuwwaty 1 million 400 müň tonna kaliý hloridine barabar bolan Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bolup durýar. Onuň ulanylmaga berilmegi bilen ýurdumyzyň dag-himiýa senagatyny ösdürmegiň täze ugruny döretmek üçin binýat emele geldi.

Sebitde iri hasaplanýan toplumyň taslama kuwwaty ýylda 600 müň tonna granulirlenilen we 800 müň tonna az kükürtli önüm bolup durýar. Bu möçberler diňe bir Türkmenistanyň kaliý dökünlerine bolan içerki sarp edijilerini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem ol ägirt uly eksport mümkinçiliklerini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Garlyk kaliý toplumynyň işe giizilmegi bilen täze iş orunlarynyň 1 müň 600-si emele geldi. Munuň özi sebitiň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirer we Türkmenistanyň senagat taýdan ösüşine mynasyp goşant bolar.

Soňra myhmana şu günki wakanyň hormatyna milli don we telpek sowgat berildi.

Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara gutlaglar üçin ýene bir ýola minnetdarlyk bildirip, olara iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter