Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti bilen duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiziň Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti bilen duşuşygy

опубликованно 29.06.2017 // 835 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ozalky Prezidenti Abdulla Gül bilen duşuşdy.

Myhman milli Liderimiz bilen mähirli görşüp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk, rowaçlyk hem-de doganlyk halkyň bähbidine alyp barýan uly möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Siziň ýolbaşçylygyňyzda sebitde hem-de dünýäde Aziýanyň kuwwatly döwletleriniň biri hökmünde Türkmenistanyň abraýynyň yzygiderli artýandygyna we pugtalanýandygyna Türkiýe ýürekden buýsanýar, üstünlikli alnyp barylýan Bitaraplyk syýasaty bolsa, sebit durnuklylygynyň we ösüşiniň bähbitlerine, şeýle hem ählumumy parahatçylyga hyzmat edýär diýip, myhman aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin Abdulla Güle minnetdarlyk bildirip, biziň halklarymyzy gadymdan bäri umumy taryhy kökleriň, medeni däpleriň we ruhy-ahlak gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Türkmenistan däp bolan hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmagy maksat edinip, bilelikde işlemegiň toplanan oňyn tejribesini, bar bolan ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatyny hem-de özara üsti ýetirilýän milli ykdysadyýetleriň gazananlaryny nazara almak bilen, olara ösüşiň täze itergisini berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin örän özüne çekiji bolan türkmen bazarynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlarynyň özlerini oňat görkezendikleri kanagatlanma bilen bellenildi. Türk maýalarynyň gatnaşmagyndaky kompaniýalar Türkmenistanda hasaba alnan ähli daşary ýurt kompaniýalarynyň sanynda häzirki wagtda uly bölegi emele getirýär. Olar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uly möçberli maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna örän işjeň gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň doganlyk halklarynyň adyna bagtyýarlyk, abadançylyk we döredijilik hem ösüş ýolunda täze üstünlikleri birek-birege arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter