Medeniýet hepdeligi-2017: jemleýji dabaralar | TDH
Medeniýet

Medeniýet hepdeligi-2017: jemleýji dabaralar

опубликованно 27.06.2017 // 1075 - просмотров
 

Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleýji çäreler-- uly baýramçylyk konsert bilen utgaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu hepdeligiň her bir güni ýurdumyzyň medeniýetiniň ýeten derejesini we ägirt uly mümkinçiliklerini beýan edýän şanly wakalara baý boldy. Sungat baýramçylygynda ýaýbaňlandyrylan çäreler ajaýyplygy, mayn taýdan baýlygy bilen tapawutlandy. Ol ýurdumyzda milli Liderimiziň ýolbaşçylygyda halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alnyp barylýan giň möçberli işlerde döredijilik gatnaşyklarynyň möhüm orun eýeleýändigini äşgär etdi.

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ähli ugurlaryny öz içine aldy. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň tamamlaýjy tapgyrynda geçirilen Medeniýet hepdeligi-2017 halkymyzyň belent ruhy ýörelgesini görkezip, ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de ösmegine, döredijilik işgärleriniň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna täze kuwwatly itergi berdi.

Giň möçberli çäräniň dowamynda belli ýerine ýetirijiler, meşhur döredijilik hem-de folklor-entografiýa toparlary bilen bir hatarda, sungat ýoluna ýaňy gadam goýýan aýdymçylar, sazandalar, režissýorlar, artistler, suratkeşler, şahyrlar we ýazyjylar öz döredijilik zehinlerini görkezdiler. Döredijilik tejribesi we ussatlyk ýaşlary has belent sepgitlere ruhlandyrdy hem-de milli sungat baýramçylygynyň ajaýyp we ýatdan çykmajak pursatlaryna beslendi.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Aşgabadyň dürli künjeklerinde, medeniýet merkezleride, Döwlet sirkinde, konsert meýdançalarynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ussat ýerine ýetirijileriniň, Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de bagşy-sazandalaryň ýatdan çykmajak täsirlere beslenen çykyşlary boldy.

Şekillendiriş sungaty muzeýinde welaýatlaryň muzeý gymmatlyklaryndan we amaly-haşam sungatynyň eserlerinden düzülen sergi oňa gatnaşyjylara häzirkizaman suratkeşleriň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Bu ýerde orta asyr Daňdanakan şäher galyndylaryndan tapylan gymmatlyklaryň, täze arheologik tapyndylaryň tanyşdyryşy boldy.

Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeiýnde we Döwlet kitaphanasynda, Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen maslahatlar türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak, öwrenmek, olary wagyz etmek meselelerine, medeniýetiň we sungatyň häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlandy.

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi meýdançasynda, paýtagtymyzyň muzeýlerinde we medeniýet merkezlerinde ýurdumyzyň neşir önümleriniň ýeten derejesini görkezmek üçin özboluşly sergiler ýaýbaňlandyryldy. Olarda bezegli kitaplar, gollanmalar, Türkmenistanyň häzirki döwrüne, onuň medeniýetine, syýahatçylyk kuwwatyna, Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk işlerine bagyşlanan neşir önümleri görkezildi.

“Milli mirasyň hazynasy” atly bezegli kitap ýurdumyzyň neşir önümleriniň iň täzeleriniň hatarynda goýuldy. Onuň tanyşdyryşy Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet muzeýinde geçirildi. Bu kitap ýurdumyzyň gadymy taryhyna degişli gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýlere özboluşly syýahaty beýan edýär.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde milli mirasa we umumadamzat gymmatlyklaryna bagyşlanan birnäçe çeper filmleriň görkezilişi boldy. Ajaýyp “Ylham” seýilgähinde guralan çeper okaýyşlara ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen söz ussatlary gatnaşdylar. Çagalar döredijiliginiň dürli ugurlary hem bu forumda öz beýanyny tapdy. Iň gowy çagalar döredijilik toparlary, ýaşajyk suratkeşler, sazandalar we seper okaýşyň muşdaklary Medeniýet hepdeliginiň çärelerine ulular bilen deň hatarda gatnaşdylar.

Sahna ussatlary hem hepdeligiň çäklerinde döreden işlerini görkezdiler. Onuň dowamynda Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda “Görogly we Agaýunus”, Baş daram teatrynda “Döwlet guşy”, A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda “Amanat giýew“ oýunlary görkezildi. Medeniýet we sungat işgäjrleriniň güni mynasybetli Magtumguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda “Ruhubelentler” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Ozalky operalardan tapawutlylykda, Aziada-2017-ä taýýarlyk meseleleri bu sahna işiniň esasyny düzdi. Munuň özi döredijilik forumynyň ähli çärelerinde öz beýanyny tapýandygynyň, sagdyn durmuş ýörelgesini berkidýän sportuň, döredijiligiň we ruhy ýokary göterilişiň özara sazlaşygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Medeniýet hepdeligi-2017-niň çäklerinde guralan esasy çärelerden
başga-da, okuw sapaklaryna we döredijilik çekişmelerine öwrülen köpsanly duşuşyklar geçirildi.

Şeýle hem Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmek hem-de türkmen halkynyň häzirki zaman sungatynyň gözbaşynda durýan gadymy we özboluşly medeniýetiniň baý mirasyna baha bermek mümkinçiligi döredildi.

Döredijilik forumynyň çäklerinde guralan köpsanly çäreler medeniýet baýramçylygynyň esasyny düzen ýagşy dessurlaryň we häzirki zaman çeper döredijiliginiň sazlaşygyny emele getirdi. Ol ägirt uly oňyn täsirleri özünde jemläp, baý many-mazmuny bilen tapawutlandy. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen sungat ussatlarynyň gala-konserti forumyň jemleýji çärelerine öwrüldi hem-de tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Köşgüň eýwanlarynda şekillendiriş sungatynyň dürli nusgalary görkezilip, olarda keşpleriň özboluşlylygy, milli many-mazmuny boýunça has çuňňur ýörelgeler öz beýanyny tapdy.

Konsert zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli gutlag sözleri aýdylypdy hem-de oňa parahatçylyk we dostluk syýasatyny alyp barýan halkymyzyň şöhratly taryhynyň baý medeniýetiniň öwrenilmegini, maddy hem-de ruhy mirasynyň saklanylmagyny hem-de wagyz edilmegini şertlendirýän, häzirkizaman sungatynyň ösmegine giň ýol açýan çäreleriň durmuşa geçirilmegine goldaw berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Konsert maksatnamasyndaky “Arkadagyň saýasynda medeniýete sarpa bar” diýen edebi-sazly çykyş halkymyzyň buýsanç duýgusy öz beýanyny tapýar. Arkadaga bagyşlanan döredijilik çykyşy bu ýere ýygnananlaryň çuňňur seslenmesine eýe boldy. Olar bu çykyşy ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Sungat ussatlarynyň çykyşlary baý medeni mirasy, häzirki taryhy eýýamda milli medeniýetiň okgunly ösüşini beýan edýän wideoşekiller bilen utgaşdy.

Elli sany bagşy-sazandadan ybarat bolan toparyň çykyşy bilen dabara dowam etdi. Olar “Bagtyýarlyk mukamy” atly aýdymy ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, halk saz sungatynyň ösdürilmegi ugrunda alada edýän milli Liderimize hoşallygyň nyşany hökmünde ýaňlandy.

Soňra sahnada ýaş estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň utgaşykly çykyşy bilen ýaňlanan “Aziada” aýdymy folklor toparlarynyň ýörelgelerini häzirkizaman saz sungaty bilen dowam etdi. Ol tomaşaçylarda özboluşly joşguny döretdi.

Çykyşlaryň dowamynda halk aýdymlary, döwrebap çykyşlar, wokal aýdymlary, şol sanda milli şahyrana we nusgawy eserler ýaňlandy. Ýurdumyzyň meşhur tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren folklor çykyşlary, milli mirasymyza, şöhratly pederlerimiziň edermenligine, gahrymançylygyna we zehinine bagyşlanan döredijilik eserleri konsert maksatnamasynyň özüne çekijiligini artdyrdy.

Tomaşaçylar aýdym-sazly, tansly çykyşlarda döredijilik ussatlygyna, sahna oýunlarynyň özboluşlylygyna has ýakyndan göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur many-mazmuny bilen tapawutlanýan we milli medeniýetimiziň möhüm bölegine öwrülen eserlerine bagyşlanan “Arkadagyň köňül köşgi” atly çykyş has-da täsirli boldy.

Şeýle hem konsert maksatnamasyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň özboluşly baýramçylyk däplerini we toý dessurlaryny özünde jemleýän folklor çykyşlary girizildi. Daşoguzly ýerine ýetirijileriň “Görogly” gahrymançylykly eposyndan parçalary ýerine ýetirmegi tomaşaçylar üçin özboluşly medeni sowgat boldy.

Döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny özünde jemleýän gadymy “küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi gala-konsertiň özboluşly jemlemesine öwrüldi.

Mukamlar köşgünde geçirilen baýramçylyk konsertinde ýaňlanan “Arkadagyň saýasynda sungatymyz gülleýär” atly aýdym giň möçberli özgertmeleriň wysal tapýan milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösýän eýýamyň-- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň özboluşly senasyna öwrüldi. Bu çykyşyň dowamynda medeniýetimiziň we sungatymyzyň häzirki döwürde gazanýan döredijilik üstünliklerini, ýeten derejesini beýan edýän şekiller görkezildi. Arkadaga çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde konserte gatnaşyjylar mähriban Watanymyza çuňňur söýgüsini dik durup, şowhunly el çarpyşmalar bilen beýan etdiler.

Baýramçylyk konsertiniň maksatnamasy türkmen halkyny täze zähmet ýeňişlerine, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýan sungatyň beýik güýjüniň dabaralanmasyny has aýdyňlygy bilen görkezdi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzda döredijilik işiniň hemmetaraplaýyn ösmegi we ynsanperwer döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi, döredijilik forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek ugrunda döredilen mümkinçilik hem-de milli medeniýtimiziň yzygiderli ösmegi ugrunda ýadawsyz tagalla edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirilýär. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň, milli medeniýetiň mundan býeläk-de gülläp ösemeginiň bähbidine zerur tagallalaryň ediljekdigi nygtalýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter