Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy

опубликованно 26.06.2017 // 1026 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Oraza baýramy mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşdy

Döwlet Baştutanymyzyň adyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti
Almazbek Atambaýew iberdiler.

Hormatly Prezidentimize gutlaglaryny öz hatlarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahaýan, Omanyň Soltany
Kabus bin Said, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas, Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Abdul Hamid, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Ýusef Ben Ahmed al-Usaýmin ýolladylar.

Şeýle hem gutlag hatlaryny Owganystan Yslam Respublikasynyň
ýerine ýetiriji hökümetiniň Başlygy Doktor Abdulla Abdulla, Yrak Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Doktor Haýdar Al-Abadi,
Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Mohammed bin Raşid Al Maktum, Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy,Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýan, Bangladeş Halk Respublikasynyň premýer-ministri Şeýh Hasina iberdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter