Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni maslahatlara, sergilere we kinogörkezilişlerine beslendi | TDH
Medeniýet

Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni maslahatlara, sergilere we kinogörkezilişlerine beslendi

опубликованно 26.06.2017 // 954 - просмотров
 

Aşgabatda Medeniýet hepdeliginiň bäşinji güni geçirildi. Hepdeligiň şu güni “Milli medeniýetim -- döwrüň mukamy, Arkadagly Aşgabat – toýlar mekany!” diýen şygar astynda geçirilen çärä beslendi. Ol Medeniýet ministrligi tarapyndan şäher häkimligi bilen bilelikde guraldy. “Mekan” köşgüne Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ylym, bilim we medeniýet edaralarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň işgärleri ýygnandylar.

Ýurdumyzyň Medeniet ministrliginiň ýanyndaky Çeperçilik sergiler müdirliginiň sergiler zalynda açylan “Halypa we şägirt” sergide halypaçylygyň däpleri öz beýanyny tapdy. Paýtagtymyzyň hem-de Mary we Lebap welaýatlarynyň orta ýörite çeperçilik mekdepleriniň mugallymlary hem-de okuwçylary çeken suratlaryny, ýasan heýkellerini, amaly-haşam sungatynyň önümlerini görkezdiler. Sergide görkezilen ussatlaryň we ýaş zehinleriň arkalaşygy häzirki zaman sungatynyň baý öwüşginli, onuň žanrlarynyň we ugurlarynyň köpdürlüligini şöhlelendirdi.

Günüň ikinji ýarymynda myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy kabul etdi. Bu ýerde “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda watansöýüjilik ýörelgeleriniň dabaralanmagy” atly amaly maslahat geçirildi hem-de kitap sergisi guraldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana, ýurdumyzyň milli mirasyna bagyşlanan işleri, medeniýet we sungat boýunça neşir önümleri görkezildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda medeniýet ulgamynyň işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý hem-de kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar we ýazyjylar, döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriň hem-de orta ýörite mekdepleriň mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri boldy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Serhet” kinofilmi görkezildi. Onuň görkezilmegi, şeýle hem filmiň döredijilik topary bilen duşuşyk “Watan” kinokonsert merkezinde guraldy. Agşam aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary “Şöhrat şanly bolsun, ýoluň Arkadag!” diýen at bilen Döwlet sirkinde görkezilen baýramçylyk çäresine çagyryldy.

Döredijilik forumynyň nobatdaky güni A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň türk nusgawy ýazyjysy Reşat Nuri Güntekiniň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan “Amanat giýew” atly komediýasynyň ilkinji görkezilişi bilen tamamlandy. Şowhunly el çarpyşmalar we ajaýyp gül desseleri teatryň 90-njy möwsümini mynasyp jemleýän täze oýnuna berlen iň gowy baha boldy.

Ertir, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyk konserti geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter