Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

опубликованно 25.06.2017 // 868 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Syçuan welaýatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren süýşgün zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter