Gresiýanyň Prezidenti diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli türkmen Liderine gutlag iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Gresiýanyň Prezidenti diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli türkmen Liderine gutlag iberdi

опубликованно 25.06.2017 // 813 - просмотров
 

Gresiýanyň we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli iberen hatyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar iki halky öňden bäri baglanyşdyrýan dostluk däplerine daýanýar.

Syýasy we söwda–ykdysady işleriň köp ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýärin.

Jenap Prezident, Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky mähirli we iň gowy arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin diýlip, hatda aýdylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter