Döwlet Baştutanymyz Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümini tassyklady | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanymyz Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň düzümini tassyklady

опубликованно 25.06.2017 // 820 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň türkmen böleginiň düzümini tassyklady.

Tokioda geçiriljek ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 12-nji mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny has-da ösdürmegiň meseleleri girizildi.

Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri, şol sanda Ýaponiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklary artdyrmak Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 23-nji iýunda geçirilen Hökümetiň mejlisinde aýtdy.

Türkmenistanda bütin dünýä belli meşhur ýapon kompaniýalarynyň birnäçesi üstünlikli işleýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalary we taslamalar işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de köp ugurlarda, hususan-da, ylmy pudaklarda we maýa goýum ulgamynda Ýaponiýanyň tejribesini has giňden çekmek üçin şertleri döredýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter