Ýurdumyzyň Baş muzeýi öz gymmatlyklary baradaky täze neşir bilen tanyşdyrdy | TDH
Medeniýet

Ýurdumyzyň Baş muzeýi öz gymmatlyklary baradaky täze neşir bilen tanyşdyrdy

опубликованно 24.06.2017 // 952 - просмотров
 

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde medeni mirasy gorap saklamagyň meselelerine bagyşlanylan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde “Milli mirasyň hazynasy” atly kitabyň tanyşdyrylyşy boldy.

Türkmen, iňlis we rus dillerindäki täze neşir Döwlet muzeýiniň gaznasyna owadan öwüşginli syýahata çagyrýar. Onuň maglumatlar bölüminiň başlangyç çykyşynda milli mirasymyzy gorap saklamakda muzeýleriň orny beýan edilýär. Kitabyň mazmuny dört bölüme bölünip, olar Türkmenistanyň gadymy taryhy baradaky maglumatlar, Marguş döwletiniň gymmatlyklary, Parfiýa döwleti we orta asyr döwrüne degişli gymmatlyklar bölümlerinden ybaratdyr.

Giňişleýin maglumat we aýdyň fotosuratlar, her bir reproduksiýa, topografiki infografika, kartalar we çyzgylar bu kitap arkaly şol döwre gyzykly syýahaty gurnaýar hem-de şol bir wagtda, seýrek duş gelýän gymmatlyga öwrülen köne serişdeler we neşire girizilmedik ýene ençeme beýlekiler öz gözüň bilen görmäge çakylyk bolup durýar.

Maslahata Medeniýet ministrliginiň şäher we welaýat muzeýleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, kitaphana hem-de jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter