Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde türkmen–german hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşylar | TDH
Ykdysadyýet

Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde türkmen–german hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşylar

опубликованно 23.06.2017 // 873 - просмотров
 

10-12-nji iýulda GFR-iň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Türkmenistan –Germaniýa: geljekki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly duşuşyk geçiriler. Bu çäräniň çäklerinde ikitaraplaýyn işewürler maslahaty hem-de Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi geçiriler.

Türkmen-german işewürler maslahatyna GFR-iň döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, maşyngurluşyk, oba hojalyk we azyk senagaty, ulag we logistika, aragatnaşyk pudaklarynda, bank, ätiýaçlandyryş, saglygy goraýyş we bilim ulgamynda işleýän iri kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter