Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler | TDH
Jemgyýet

Aziada-2017-niň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli Aşgabatda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçiriler

опубликованно 23.06.2017 // 1366 - просмотров
 

Türkmenistanda iýul aýynda şanly senelere hem-de durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylmagyna gabatlanyp, birnäçe baýramçylyk çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Çäreleriň birnäçesi şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanar. Olaryň hatarynda Abadan etrabyndaky köpugurly sport toplumynda guraljak sazly sport baýramçylygy hem-de Aşgabatda we welaýatlarda Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 gün galmagy mynasybetli 29-njy iýulda guralmagy göz öňünde tutulýan köpçülikleýin welosipedli ýöriş bar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter