Döwlet gümrük gullugynda bolan iş maslahatynda ulag düzümlerini ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet gümrük gullugynda bolan iş maslahatynda ulag düzümlerini ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 22.06.2017 // 899 - просмотров
 

Döwlet gümrük gullugynda 20-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmek bilen baglylykda ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiligini durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanylan iş maslahatynda geçirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz bu ugurda degişli gulluklaryň geljekki wezipelerini kesgitläp, ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlaýjy hökmünde Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmegiň täze geoykdysady we geoulag giňişliginiň gurluşyny kemala getirmäge uly goşant goşýandygyny nygtady.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenistany halkara logistika merkezine öwürmek we beýlekiler babatda ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek ulgamynda milli Liderimiziň kesgitlän toplumlaýyn wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter