Türkmenistanyň Prezidenti: medeniýet we sungat işgärleri Aziýadanyň geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar | TDH
Medeniýet

Türkmenistanyň Prezidenti: medeniýet we sungat işgärleri Aziýadanyň geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşarlar

опубликованно 22.06.2017 // 1705 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bat aljak Medeniýet hepdeligine gutlagyny iberdi.

“Häzirki wagtda ak şäherimiz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar. Aziýa oýunlarynyň şatlyk-şowhuna beslenip geçirilmegine kalby joşgunly döredijilik işgärlerimiziň mynasyp goşant goşjakdyklaryna, türkmen medeniýetinde we sungatynda gazanylan ösüşleri dünýä ýaýjakdyklaryna pugta ynanýaryn” – diýip gutlagda aýdylyp geçilýär.

Gutlagda: “Bu iri sport baýramy halkymyzyň myhmansöýerlik, ynsanperwerlik, ruhubelentlik, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dabaralanýan, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan medeniýetimiziň, milli mirasymyzyň, kämil sungatymyzyň älem-janaha ýaň salýan tutumly toýuna öwrülmelidir. Bularyň ählisi dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, türkmen medeniýetini we sungatyny has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Gözel paýtagtymyzda geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň köp asyrlyk däp-dessurlaryny täze öwüşginlere beslemäge, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmaga kömek eder” – diýip bellenýär.

“Medeniýet hepdeliginiň çäginde guralýan çäreleriň her biriniň özboluşly ähmiýeti bardyr. Sebäbi, ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi aýdym-saz, opera, teatr, kino, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ýeten sepgitlerini dünýä ýaýýan özboluşly sungat baýramydyr.

Bagtyýar raýatlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmak, berkarar Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini döwrebap eserlerde mynasyp wasp etmek ugrunda ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň, bagşy-sazandalarymyzyň, suratkeşlerimiziň, sahna ussatlarymyzyň geljekde has-da joşgunly işlejekdiklerine uly ynam bildirýärin.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçiriljek dabaralaryň, guruljak medeni çäreleriň ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň watansöýüjilik, halallyk, mertlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly ýardam berjekdigine berk ynanýaryn”.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter