Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliginiň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň ulag-üstaşyr mümkinçiliginiň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy

опубликованно 20.06.2017 // 1137 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli durmuş-ykdysady ösüş babatda harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan wezipeler hem-de bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Döwlet gümrük gullugynyň täze binasynda geçirilen mejlisde şeýle hem ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga ýardam bermek hem-de bu ugurda geljek uly ugurlary kesgitlemek meselesine hem garaldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, häzirki wagtda ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman we Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklarynyň transkontinental köprüsi hökmünde çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwrebap ulag-kommunikasiýa toplumyny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynda esasy ýollar boýunça milli düzümi mundan beýläk-de giňeltmegi bu ulgamdaky möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitleýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli ýerlerinde täsin inženerçilik desgalary - ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň möhüm halkasyna öwrüljek demir ýol we awtomobil köprüleri ulanylmaga berilýär, sebit hem-de sebitara ýollary döretmegiň hem-de olary netijeli ulanmagyň ýolunda möhüm ädim boljak täze desgalar gurulýar.

Bu ulgamda maýa goýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň welaýatlaryny bitewi ykdysady düzüme birleşdirdi. Özara gatnaşyklar hem-de ösüş, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, daşarky maýa goýumlary üçin özüne çekiji sebit hökmünde umumydünýä ösüşine üstünlikli goşulyşmak hem-de dürli ulgamlarda uzakmöhletli halkara maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanyň çägi gadym döwürlerde çekilen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, hemişe goňşy döwletlerden söwdagärleriň, syýahatçylary özüne çekipdir. Häzirki wagtda bu gadymy ýol döwrebap transmilli awtomobil we demir ýollary hem-de gaz geçirijiler görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Munuň özi daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini, kontinentde üstaşyr gatnawlaryň, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegini üpjün edýär.

Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalaryň başyny başlamak bilen, hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady we geoulag binýadyny döretmäge saldamly goşant goşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Biziň ýurdumyz özüniň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRASEKA geçelgesi boýunça daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerleşýär. Sebit we halkara ähmiýetli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistana geljekde hem sebitiň möhüm ulag merkezi hökmündäki derejesini has-da pugtalandyrmak hem-de iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal gatnawlary guramak we kämilleşdirmek maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça netijeli ädimleri ätmäge mümkinçilik berer.

Bu baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Belent Serkerdebaşymyz halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň başlangyçlarynyň ähmiýetini belledi. Soňky ýyllarda onuň bilen hyzmatdaşlyk täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Modal ýol boýunça teklipler bu ugurda ulag ýollaryny ösdürmegiň geljegi babatda garaýyşlarymyza doly laýyk gelýär we Türkmenistan bu taslamany durmuşa geçirmäge netijeli goldaw bermäge taýýardyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi beren ýokary derejeli Halkara maslahatynyň netijeleri boýunça 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek. Bu resminamada kesgitlenen esasy kadalar biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji we 2015-nji ýyllaryň dekabrynda kabul edilen ýörite kararnamalaryň ikisinde öz beýanyny tapdy.

2016-njy ýylda kabul edilen Aşgabat Beýannamasy hem möhüm ähmiýete eýedir. Ol BMG-niň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň jemleýji resminamasy boldy. Şu wekilçilikli forumda hyzmatdaşlygyň anyk maksatlaryna hem-de talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman gurallar kesgitlenildi, bu strategiki ugurda geljek üçin meýilnamalar kesgitlenildi.

Türkmenistan ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek boýunça maksatnamalar toplumyny işläp taýýarlamaga we ilerletmäge çalyşýar. Munuň özi durmuş babatdaky durnuklylygy, sebitara gatnaşyklaryň ösdürilmegini kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag toplumyny döwrebaplaşdyrmak we ony täze tehnikalar bilen üpjün etmek wezipeleri öň hatara çykarýar.

Munuň özi bolsa, öz nobatynda, ulag howpsuzlygyny üpjün etmäge täze çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna, düzümiň desgalarynyň rejeli ulanylmagyna gözegçilik etmek, döwletiň ykdysady howpsuzlygyny goramak boýunça dolandyryş gurallarynyň we çäreleriniň bitewi ulgamynyň döredilmegini talap edýär. Şunda gümrük gullugynyň we ýurdumyzyň beýleki degişli gulluklarynyň işine möhüm orun degişlidir diýip, Belent Serkerdebaşymyz aýtdy we şu günki mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere içgin garaljakdygyny belledi.

Ilki bilen Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Ý.Söýegow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ulag düzümini düýpli hem-de toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda Türkmenistan halkara logistiki merkezine öwrülýär.

Müňlerçe kilometr polat ýollaryň hem-de häzirki zaman awtomobil ýollarynyň, täze deňiz we howa menzilleriniň gurulmagy hem-de öňden barlarynyň durkunyň täzelenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň çäginden geçýän ýük akymlarynyň ep-esli artandygyny nazara almak bilen, gümrük gullugynyň işgärleri tarapyndan gümrük kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek, şeýle hem gümrük serhedinden geçýän harytlaryň gatnadylyşyna gözegçilik etmek, olar babatda ýük we beýleki amallary amala aşyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geosyýasy taýdan amatly ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, bu ugurda köptaraply gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Degişli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ýükleri daşamagyň tizligini artdyrmaga hem-de ýükleriň daşalyşyny dolandyrmak işini gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy milli bähbitleriň ileri tutulmagynyň berjaý edilmegini hem-de daşarky bazarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmegi talap edýär. Şu şertlerde gümrük kadalaşdyrylyşyny kämilleşdirmek, döredilýän halkara ulag geçelgelerinde gümrük gullugynyň işiniň sazlaşykly bolmagyny üpjün etmek wezipeleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz ulgamda amala aşyryljak işleriň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekmek bilen, gümrük gullugynyň başlygyna bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Gümrük edaralarynyň düzümini mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem-de işe öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işgärler kuwwatyna we ondan netijeli peýdalanmaga talaby güýçlendirmegi talap edýär diýip, Belent Serkerdebaşymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, barlag we geçiriş nokatlarynyň işgärleri üçin okuw sapaklaryny yzygiderli geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” we giň hyzmatdaşlyk syýasaty Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji kuwwatyny doly açmaga hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar—aýry-aýry döwletler we abraýly guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam edýär.

Şunuň netijesinde soňky ýyllarda ýurdumyz iri sebit we halkara forumlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny hem-de ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artýandygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet migrasiýa syýasatyny kämilleşdirmek boýunça çäreler görülýär. Geçirilýän işler yzygiderli häsiýete eýe bolýar. Migrasiýa işini kadalaşdyrmak ulgamynda ozal kesgitlenen düýpli çemeleşmeler bu çäreleriň has netijeli bolmagyna ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda bu gullugyň möhüm ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu düzümiň işine umumy ykrar edilen standartlary mundan beýläk-de işjeň ornaşdyrmagyň hem-de hünärmenleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Şunda döwrebap tehnologiýalary ulanmak, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly iş usullaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçysy şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ýol-ulag düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, sürüjiler hem-de pyýadalar üçin oňaýly şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Öňdebaryjy tehniki serişdeleri we awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak arkaly ýol hereketini kadalaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Goňşy ýurtlardan ýük akymlarynyň artýandygyny nazara almak bilen, Içeri işler ministrliginiň degişli edaralary daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdelerini bellige almak boýunça netijeli işleri geçirýärler.

Milli Liderimiz kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde içeri işler edaralarynyň işiniň ähmiýetini belläp, bu ministrligiň ýolbaşçysyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge berk gözegçilik etmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem gyzyklanma bildirýän guramalar we edaralar bilen bilelikde Türkmenistanyň bu ulgamdaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de olary amala aşyrmagy tabşyrdy.

Adalat ministri B.Muhammedow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ulag boýunça Halkara forumlarynyň jemleýji resminamalarynyň - 2014-nji ýylyň Aşgabat Jarnamasynda hem-de 2016-njy ýylyň Aşgabat Beýannamasynda kesgitlenen düzgünlere laýyklykda, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Şol resminamalarda ulag ulgamynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça möhüm meseleler beýan edildi.

Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir, onuň barşynda täze mümkinçilikler açylýar, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda gepleşikleriň tejribesi toplanylýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzümini kemala getirmek babatda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça häzirki wagtda Türkmenistanyň ädýän anyk ädimleri milli ykdysadyýeti ösdürmek bilen birlikde, tutuş sebitde oňyn ösüşiň üpjün edilmegine kuwwatly itergi berdi.

Ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmek bilen ägirt uly üstaşyr kuwwatyna eýedir. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak möhüm wezipe bolup durýar. Häzirki wagtda bu ulgamda täze kanunlary işläp taýýarlamak meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň hem-de harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we göwnejaý dynç almagy üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigine çekdi.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda berk düzgün-nyzamy üpjün etmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ýaş nesli watançylyk hem-de mukaddes harby borja wepalylyk ruhunda tebriýelemek meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz esgerleriň we serkerdeleriň saglygyny berkitmäge, olaryň hemişe ruhubelent bolmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çäreleriniň geçirilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Beýleki düzümleriň ählisinde bolşy ýaly, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça işleri ýokary derejede guramak wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisde şeýle hem birnäçe beýleki möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna mähriban halkymyza we eziz Watanymyza ak ýürekli gulluk etmek babatda öňlerinde duran wezipeleriň çözülmeginde täze üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter