Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 19.06.2017 // 941 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza bu ýurtda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine hem-de weýrançylyklara getiren tokaý ýangyny zerarly gynanç bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna hem-de dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter