Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

опубликованно 17.06.2017 // 899 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Angela Merkele we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ozalky Federal Kansleri Gelmut Koluň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi.

Gelmut Kol görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Germaniýanyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi diýlip, hatda aýdylýar.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Germaniýanyň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter