Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli günä geçmek hakyndaky Permana gol çekdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Gadyr gijesi mynasybetli günä geçmek hakyndaky Permana gol çekdi

опубликованно 16.06.2017 // 1962 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmenistanlylaryň 1029-sy mundan beýläk jeza çäresini çekmekden boşadylar.

Bellenilişi ýaly, resminama rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen gol çekildi.

 
 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter