Türkmenistanda bugdaý hasylynyň dörtden bir bölegi ýygnaldy | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanda bugdaý hasylynyň dörtden bir bölegi ýygnaldy

опубликованно 16.06.2017 // 1240 - просмотров
 

Türkmenistanyň ýer eýeleri 16-njy iýuna çenli bugdaý öndürmek boýunça döwlet buýurmasyny 25 göterim ýerine ýetirdiler. Bu barada hökümetiň mejlisinde oba hojalyk meseleleri boýunça wise-premýer E. Orazgeldiýew habar berdi.

Orak möwsümi ýurdumyzyň bäş welaýatynyň dördüsinde 7-nji iýunda badalga aldy. Demirgazyk sebitiň gallaçylary bolsa bugdaý oragyna 14-nji iýunda goşuldylar. Möwsümiň başyndan bäri oba zähmetkeşleri jemi 400 müň tonna bugdaý ýygnadylar.

Bugdaý oragy bilen bir wagtda meýdanlarda samanyň ýygnalmagy, ýerleriň sürülmegi hem-de aralyk ekinleriň ekilmegi amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki yssy howanyň galla oragynyň depginlerini artdyrmagy hem-de möwsümiň örän gysga wagtda ýokary hilli geçirilmegini talap edýändigini nygtady.

Şu ýyl 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnap almak maksat edinilýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter