Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Azerbaýjanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

опубликованно 16.06.2017 // 959 - просмотров
 

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gutlagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Hatda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Türkmenistan bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Syýasy, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer ulgamlarynda gatnaşyklar giňeldilýär, hyzmatdaşlygyň täze ugurlar kesgitlenildi.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda köptaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde hem netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi nygtalýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter