Aşgabatda Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Aşgabatda Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi geçirildi

опубликованно 16.06.2017 // 973 - просмотров
 

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-wenger toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Wengriýanyň daşary işler we söwda ministriniň orunbasary Iştwan Mikolanyň baştutanlygyndaky wekiliýet paýtagtymyza geldi. Türkmen tarapyndan duşuşyga ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar haryt dolanyşygyny artdyrmagyň meseleleri boýunça tekliplerini aýtdylar. Şunda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge hem-de bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlary çekmek arkaly iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklara üns berildi. Toparyň agzalary wenger bazarynda türkmen dokma önümleriniň hem-de elde dokalan halylaryň eksport edilmeginiň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagyň hasabyna söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin bar bolan uly mümkinçiligi bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar awtomobil arkaly halkara derejesinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşygyň taslamasyny taýýarlamak boýunça pikir aýtdylar. Energetika meselesine, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň geljegine degişli meselelere aýratyn üns berildi, suwuklandyrylan gazy we gazhimiýa kärhanalarynyň önümlerini eksport etmek baradaky teklibe hem garaldy.

Nygtalşy ýaly, oba hojalygynda gatnaşyklary giňeltmek üçin hem giň mümkinçilikler bar. Şu ugurda maldarçylyk we weterinariýa, obasenagat toplumyny dolandyrmak ulgamynda, öňdebaryjy usullary hem-de oba hojalyk önümlerini uzak wagtlap saklamaga we gaýtadan işlemäge degişli täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, bioenergetika merkezleri döretmek babatda tejribe alşylmagynyň guralmagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar suw serişdelerini dolandyrmak, suw tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Wengriýanyň kompaniýalarynyň jemagat suw üpjünçiligini ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň zerurdygy bellenildi, türkmen talyplaryny Wengriýanyň lukmançylyk ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň hem-de Türkmenistandaky Halkara ylmy-okuw merkezinde wenger hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Bu ýere ýygnananlar ynsanperwer ulgam babatda iki ýurduň özara hereketlerini çuňlaşdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, medeniýet, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan häsiýetini bellediler. Bilelikdäki çäreleri geçirmegiň, iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda hem-de Wengriýada guralýan halkara maslahatlaryna we beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň maksadalaýykdygy nygtaldy. Iki dostlukly ýurduň wekillerine Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän günlerinde Aşgabada, “Syýahatçylyk-2018” atly syýahatçylyk sergisiniň geçirilýän günlerinde bolsa Budapeşte gelmek teklip edildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça teswirnama gol çekildi. Bellenilişi ýaly,ýurtlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Wengriýa bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar esasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýärler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparynyň ilkinji mejlisleri 2015-nji we 2016-njy ýyllarda geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter